icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

06 iýul 2023

2039

Halkara atom energiýasy agentligi bilen tehniki hyzmatdaşlyk işjeň alnyp barylýar

2023-nji ýylyň 3-nji iýulynda Türkmenistanyň goranmak ministriniň hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasarlarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Halkara atom energiýasy agentliginiň (IAEA) baş direktorynyň orunbasary, tehniki hyzmatdaşlyk departamentiniň başlygy Hua Liu bilen duşuşyk geçirdi.

IAEA-iň baş binasynda geçen duşuşygyň barşynda özara hyzmatdaşlygyň gyzyklanma bildirilýän ugurlarynda alnyp barylýan işler, öňde duran wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol sanda, Türkmenistan bilen Agentligiň arasyndaky Ýurt boýunça Çarçuwaly maksatnamanyň işlenilip taýýarlanylmagy, tehniki hyzmatdaşlygyň çäklerindäki milli taslamalaryň durmuşa geçirilişi we Agentligiň Radiasiýa howpsuzlygy babatynda maglumatlary dolandyryş tor ulgamy (RASIMS) bilen bagly işlere aýratyn ähmiýet berildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi