icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

14 iýul 2023

2583

Türkiýede Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

2023-nji ýylyň 11-nji iýulynda Ankarada Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) baş edarasynda «Magtymguly Pyragy we türki dünýäsiniň edebiýaty» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Maslahat Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan TÜRKSOÝ bilen bilelikde guraldy.

Halkara maslahata TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Soltan Raýew, daşary ýurtlaryň diplomatik missiýalarynyň, halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, alymlar we medeni işgärler, deputatlar, öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, mugallymlary we talyplary, türkmen diasporasynyň wekilleri, şeýle hem metbugat işgärleri gatnaşdylar.

Halkara maslahatyň işine Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktory D.Orazsähedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet hem gatnaşdy.

Maslahatyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri, Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysy, monografiýalar, kitaplar, okuw gollanmalar we ylmy makalalar ýerleşdirilen sergi guraldy.

Halkara ylmy maslahatyň işi umumy mejlis we dört ylmy bölümçe bilen geçirildi. Maslahatda çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň ählumumy ruhy gymmatlyklaryň hazynasyny baýlaşdyran baý döredijiligi barada söhbet etdiler.

Jemleýji mejlisde maslahatyň netijeleri jemlenip, forumyň halkara ylmy we medeni gatnaşyklaryň çuňlaşmagyna möhüm goşant goşjakdygy biragyzdan bellendi.

Çäräniň ahyrynda halkara maslahata gatnaşyjylara we myhmanlara milli türkmen tagamlary hödürlenildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi