icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

20 iýul 2023

5319

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitindäki çykyşy

Hormatly döwlet Baştutanlary!

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Ilki bilen, şu ýakymly pursatdan peýdalanyp, Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşasy, Onuň Alyjenaby Salman ben Abdelaziz Al Sauda bize görkezilen myhmansöýerlik we mähirli kabul edişlik, şeýle hem sammiti ýokary derejede geçirmek boýunça döredilen oňaýly şertler üçin tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.

Şol bir wagtda, Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri, Onuň Alyjenaby Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Sauda bu maslahatyň örän üstünlikli guralandygy üçin minnetdarlyk bildirýäris.

Hormatly döwlet Baştutanlary!

Häzirki döwürde dürli sebitlerde, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşine girýän döwletleriň ýakyn künjeklerinde çylşyrymly halkara syýasy ýagdaýlar ýüze çykýar. Şonuň üçin bar bolan dürli ählumumy wehimler we howplar biziň döwletlerimiziň tagallalaryny birleşdirmegi hem-de zerur bolan çözgütleri kabul etmegi talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwletleriniň daşary işler ministrleriniň hemişelik esasda hereket edýän maslahatyny döretmegi maksadalaýyk hasaplaýarys.

Syýasy meseleler bilen bir hatarda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi hem örän ähmiýetli wezipeleriň hatarynda durýar. Ulag, energetika, maýa goýumlar we söwda pudaklaryny ileri tutulýan ugurlar hökmünde görkezmek bolar. Bu ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, biziň sebitlerimizi birleşdirmek maksady bilen, täze üstaşyr ulag geçelgeleri, berk we ygtybarly logistika infrastrukturasyny döretmegi wajyp hasaplaýarys. Ulag ulgamynda tagallalary utgaşdyrmak üçin Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň ýurtlarynyň Ulag komitetini döretmegi teklip edýäris.

Energetika pudagyna hem uly orun berýäris. Biziň ýurtlarymyzda baý energiýa çeşmeleri, ýangyç-energetika serişdeleri we olary gaýtadan işleýän güýçli önümçilik desgalary bar. Energetika pudagynda bilelikdäki hereketleriň mümkinçiliklerini seljermek we maslahat bermek işlerini alyp barjak Energetika boýunça bilelikdäki iş toparyny döretmegi teklip edýäris.

Merkezi Aziýa we Aýlag ýurtlarynyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, özara söwda dolanyşygynyň möçberini yzygiderli artdyrmak zerur bolup durýar. Bu maksatlary amala aşyrmak üçin Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň ýurtlarynyň Söwda edarasyny döretmek baradaky teklibi öňe sürýäris. Maýa goýumlar babatda hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri görýäris. Türkmenistan ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklarynda maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak boýunça hyzmatdaşlyga hemişe açykdyr. Şol sebäpli, 2024-nji ýylda Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň ýurtlarynyň birinji maýa goýum forumyny geçirmegi teklip edýäris.

Biziň gatnaşyklarymyzda medeni-ynsanperwer ugur hem uly ähmiýete eýe bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, medeni hyzmatdaşlygyň täze platformasyny, ýagny Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň Medeniýet dialogyny döretmegi teklip edýäris.

Häzirki günde ählumumy ösüşiň gün tertibinde duran möhüm meseleleriň biri-de ekologiýa ulgamydyr. Şundan ugur alyp, Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwletleriniň Ekologiýa geňeşiniň döredilmegi baradaky meselä seretmegi teklip edýäris.

Lukmançylyk we saglygy goraýyş pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek hem derwaýys wezipeleriň biridir. Bu babatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy tarapyndan wajyp halkara başlangyçlar öňe sürüldi. Bu teklipleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de lukmançylyk diplomatiýasy babatdaky gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, 2025-nji ýylda Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwletleriniň Lukmançylyk kongresini geçirmegi teklip edýäris.

Bedenterbiýe we sport ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi hem örän ähmiýetlidir. Bu ugurda Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwletleriniň Birinji halkara sport oýunlaryny geçirmek ilkinji ädimleriň biri bolup biler. Şeýle oýunlar açyk häsiýete eýe bolmaly diýip pikir edýäris. Bu çäräni guramak üçin Türkmenistan bar bolan ähli döwrebap sport infrastrukturasyny hödürlemäge, oýunlara gatnaşyjylar üçin iň amatly şertleri döretmäge taýýardyr.

Çykyşymy jemlemek bilen, Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň şu günki möhüm we ýokary derejeli duşuşygyny guraýan Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary jenap Jasem Mohamed Al Budaiwä we ähli wekillere köp sagbolsun aýdýarys.

(Jidda şäheri, 2023-nji ýylyň 19-njy iýuly

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi