icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

20 oktýabr 2023

3023

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygyndaky çykyşy

(Pekin şäheri, 2023-nji ýylyň 19-njy oktýabry)

Hormatly Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy jenap Si Szinpin!

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklar iki müň ýyldan gowrak wagtdan bäri dowam edip gelýär. Beýik Ýüpek ýoly iki ýurdy we olaryň halklaryny ysnyşykly baglanyşdyrypdyr.

Hytaýdan Merkezi Aziýanyň çäginden Ýewropa tarap geçen Beýik Ýüpek ýolunyň tutuş dünýä siwilizasiýasynyň ösüşiniň şerti bolandygy hemmelere mälimdir. Sebitde durnukly ösüşi üpjün etmek barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek” strategiýasyny Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjy bilen utgaşdyrmak boýunça tagallalaryň wajypdygyny bellemek isleýärin. Köp ýyllaryň dowamynda bu başlangyç Ýewraziýa sebitinde söwda we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etdi.

Hormatly Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy jenap Si Szinpin!

Türkmenistanyň we Hytaýyň halklaryny köpasyrlyk dostluk, özara gatnaşyklaryň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň ägirt uly tejribesi baglanyşdyrýar.

Halkymyzyň nesilbaşysy hasaplanýan Oguz handan başlap, türkmen döwletlerinde daşary ýurtly ilçileri serhetde behişdi bedewlerimiz — ahalteke atlary bilen garşylamak asylly däp bolupdyr. Parfiýalylar Hytaýyň imperatory U Diniň ilçisi Çžan Sýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti serhetde 20 müň atly bilen garşylapdyr.

Diplomatik sowgatlaryň arasynda bedew iň gymmatly sowgat hasaplanypdyr. Şol döwürlerde dünýä meşhur bolan we “ganatly bedewler” diýlip atlandyrylan atlaryň ata-babalary Parfiýa tarapyndan “Asman şalygy” atlandyrylan Hytaýyň imperatorlaryna sowgat hökmünde iberilipdir.

Gadymy türkmenler bolan hunlar Oguz hanyň uly ogly Gün hanyň nesilleridir. Ýewropada hunlary “kunlar” diýip atlandyrýarlar. Gun we Hun sözleri “Gün” diýmegi aňladýar.

Hunlar demirgazyk-günbatar Hytaýyň giň çöllerinden Sibire çenli ägirt uly çäkleri eýeläpdirler. Oguz türkmenleriniň Beýik Hun döwletiniň hökümdary Mete han Hytaý imperatorlary bilen gowy gatnaşykda bolupdyr.

Mundan başga-da, VI asyrda ýaşan Göktürkmen döwleti Hytaýyň halky bilen ysnyşykly aragatnaşyk saklapdyr. Bilge hanyň baştutanlygynda Göktürkmen döwleti has-da gülläp ösüpdir. Şonda Hytaýyň ilçisi Meýluçžou Bilge hana ýakyn we doganlyk gatnaşyklary berkitmegi teklip edipdir. Tan imperatory Sýuan Szun hem Bilge han bilen şertnama baglaşmak isläpdir.

Hormatly Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy jenap Si Szinpin!

Taryh Hytaý bilen goňşuçylykda ýaşan hunlaryň we Han hytaý neberesiniň arasynda söwda gatnaşyklarynyň bolandygyna şaýatlyk edýär. Hunlaryň hökümdary Mete hanyň hökümdarlyk eden döwründe iki ýurduň arasynda birek-biregiň tejribesini öwrenmek babatda gatnaşyklar ýola goýlupdyr.

Häzirki türkmenleriň ata-babalary hasaplanýan hunlar biziň eýýamymyzdan öňki 49-njy ýylda Hytaýyň hökümdary bilen “Kasam şertnamasy” diýlip atlandyrylan şertnama gol çekipdirler. Ol iki kuwwatly döwletiň arasyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrýar. Bu şertnamada hunlaryň we hytaýlylaryň bir maşgala ýaly bolandyklary görkezilýär. Şertnamada: “Goý, biziň ogullarymyz we agtyklarymyz nesillerden-nesillere bu şertnama wepaly bolsun!” diýlip nygtalýar.

Hytaý we hunlar ozalky şertnamalaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin diplomatik hat alyşmalary ýola goýupdyrlar. Hytaý çeşmelerinde Beýik Hun hökümdary Mete hanyň Hytaýyň hökümdary Sýao Wenýuwa ýazan käbir hatlary saklanyp galypdyr.

Halkymyzyň meşhur “Hüýrlukga-Hemra” dessanyndaky “Çyn-Maçyn ýurduna giden//Hatarly kerweniň geldi” diýen setirler hem türkmen we hytaý halklarynyň arasynda Beýik Ýüpek ýoly eýýamyndan başlap gatnaşyklaryň dowam edendiginiň edebi subutnamalarynyň biri bolup durýar.

Hormatly jenap Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy!

Görşüňiz ýaly, köpasyrlyk dostluk gatnaşyklarymyzdan ugur alyp, ilki bilen, Size duşuşmaga döredilen mümkinçilik, şeýle hem hoşniýetlilik we myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň!

Siziň bilen duşuşyklar Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklarda hemişe möhüm ähmiýetli wakalardyr. Şol duşuşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýy barada pikir alyşmaga, aýratyn üns berilmegini talap edýän has möhüm meseleleri ýüze çykarmaga, zerur bolan halatynda, olara kuwwatly itergi bermäge mümkinçilik döredýär. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda Siziň ýolbaşçylygyňyzda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklarda gazanylan özara ynanyşmagyň, düşünişmegiň we açyklygyň ýokary derejesini nygtamagy zerur hasaplaýaryn.

Ýurtlarymyzyň strategik hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça yzygiderli, gyşarnyksyz we maksada okgunly ösdürilýär. Biz bu hyzmatdaşlygy ösdürip we giňeldip, türkmen hem-de hytaý halklarynyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, olaryň birek-birege çuňňur hormat goýmagyna, iki döwletiň häzirki halkara syýasatyň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyna, hyzmatdaşlygyň berk hukuk binýadyna, taraplaryň uly ykdysady kuwwatyna daýanýarys. Hyzmatdaşlygyň şeýle häsiýete eýe bolmagy Türkmenistanyň we Hytaýyň jana-jan bähbitlerine laýyk gelmek bilen, halkara durnuklylygy, howpsuzlygy saklamaga hem-de pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýar, derwaýys sebit meseleleriniň ençemesini çözmäge ýardam edýär, Aziýa yklymynda söwda-ykdysady işleri çaltlandyrmagyň we giňeltmegiň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär.

Türkmenistan Hytaý bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga berk ygrarlydyr, şeýle hem syýasy, ykdysady, ynsanperwer ulgamlarda bilelikdäki işi dowam etdirmäge taýýardyr.

Pursatdan peýdalanyp, hytaý halkyna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi