icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

30 oktýabr 2023

1674

Türkmenistanyň ilçisiniň Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri bilen duşuşygy

2023-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Seul şäherinde Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi B.Durdyýewiň bu ýurduň daşary işler ministri Pak Jin bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň we özara bähbitli köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, şol sanda, ministr Pak Jiniň Türkmenistana ýakynda amala aşyryljak resmi saparynyň we şu ýylyň 1-nji noýabrynda Aşgabatda geçiriljek “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk  forumynyň 16-njy maslahatynyň gün tertibiniň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministr “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ugrunda türkmen tarapynyň edýän tagallalary üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi