Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Administratiw-tehniki işgärleri taýýarlamak boýunça okuw merkezini tamamlan hünärmenleriň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ulgamynda tälim alşy geçmekleri hakynda Maglumat

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Administratiw-tehniki işgärleri taýýarlamak boýunça okuw merkezini tamamlan hünärmenleriň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ulgamynda tälim alşy geçmekligiň tertibi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 26-njy awgustyndaky karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Administratiw-tehniki işgärleri taýýarlamak boýunça okuw merkezini tamamlan hünärmenleriň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde tälim alşy geçmekleri hakynda Düzgünnama we Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň 2016-njy ýylyň 31-nji awgustyndaky №43-Ö buýrugy bilen tassyklanan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Administratiw- tehniki işgärleri taýýarlamak boýunça okuw merkezini tamamlan hünärmenleriň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde tälim alşy geçmekleri üçin bäsleşigi geçirmekligiň Tertibi esasynda amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Administratiw-tehniki işgärleri taýýarlamak boýunça okuw merkezini (mundan beýläk - Merkez) üstünlikli tamamlan Türkmenistanyň raýatlary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde tälim alşy geçmekligi üçin, bäsleşik esasynda seçip almak amala aşyrylýar we bäsleşigi geçirmekligiň tertibi Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan kesgitlenilýär.

Merkeziň okuwyny üstünlikli tamamlan we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde tälim alşy geçmeklige bäsleşik esasynda seçilip alnan Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda ýaşaýan raýatlary tälim alşy geçip bilýärler.

Tälim alşy geçmegiň esasy maksady administratiw-tehniki işi boýunça hünär bilimlerini we zerur tejribe endiklerini öwrenmekden ybarat.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine tälim alşy geçmeklige kabul edilen hünärmenlere aýlyk zähmet haky, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň referentiniň aýlyk zähmet hakynyň möçberinde bellenilýär. Tälim alşyň geçirilýän döwri 3 aý.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň esasy wezipe sanawyndan daşary, tälim alşy geçýän hünärmenler bilen tälim alşyň geçirilişiniň tutuş döwri üçin möhletli zähmet şertnamasy baglaşylýar.

Tälim alşyň geçirilişiniň möhleti tamamlanandan soňra, tälim alşy geçýän hünärmenleriň işiniň jemlerine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hünär synagy topary tarapyndan garalýar. Hünär synagynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň buýrugy bilen tälim alşy geçen hünärmenleri Türkmenistanyň Diplomatiki gullugynyň ulgamynda diplomatik gullugyň administratiw-tehniki işgäri wezipesine bellenilýär.

Degişli hödürnamany almadyk we hünär synagyndan geçmedik tälim alşy geçen hünärmenler bilen tälim alşyň möhleti tamamlanandan soň zähmet şertnamasy bes edilýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň
2016-njy ýylyň 31-nji awgustyndaky
№ 43-Ö buýrugy bilen tassyklanan

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Administratiw-tehniki işgärleri taýýarlamak boýunça okuw merkezini tamamlan hünärmenleriň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde tälim alşy geçmekleri üçin bäsleşigi geçirmekligiň
TERTIBI

I. Umumy düzgünler

1. Şu Tertip Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Administratiw-tehniki işgärleri taýýarlamak boýunça okuw merkezini (mundan beýläk «Merkez» diýip atlandyrylýan) tamamlan hünärmenleriň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde tälim alşy geçmekleri hakynda Düzgünnama laýyklykda işlenip taýýarlandy we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde tälim alşy geçmekligi üçin bäsleşik esasynda seçip almagyň we bäsleşigi geçirmegiň tertibini kesgitleýär.

2. Bäsleşik Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan geçirilýär.

3.  Bäsleşige Merkeziň okuwyny üstünlikli tamamlan ýokary     (orta hünär) bilimi bolan Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda ýaşaýan raýatlar gatnaşyp bilýärler.

4. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän raýatlar (mundan beýläk – dalaşgärler) meýletin we muzdsuz esasda gatnaşýarlar.

 

II. Bäsleşigi geçirmegiň şertleri we tertibi

 

5. Bäsleşik boýunça bildiriş Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde,  hususan-da «Türkmenistan», «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetlerinde yglan edilýär.

Bäsleşik boýunça bildiriş köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilenden soňra, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligiň resmi saýtynda ýerleşdirilýär.

6. Bäsleşigiň geçirilýändigi barada maglumat çap edilenden soň ýigrimi günüň dowamynda bäsleşige gatnaşmak üçin, şu aşakda görkezilen resminamalary Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine hödürlemeli:

- bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň arzasy,

- pasport nusgasy,

- ýokary (orta hünär) bilim baradaky resminamanyň nusgasy;

- Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Türkmenistanyň diplomatik gullugy üçin Administratiw-tehniki işgärleri taýýarlamak boýunça okuwy tamamlandygy barada degişli şahadatnama;

- terjimehaly;

- ýakyn dogan-garyndaşlary barada maglumat;

- 3x4 sm ölçegdäki fotosurat (4 sany);

- soňky okan ýa-da işlän ýerinden häsiýetnama;

- saglyk ýagdaýy barada kepilnama;

- harby bilediniň nusgasy (eger-de bar bolsa).

7. Şu tertibiň 6-njy bölüminde görkezilen resminamalary tabşyrandan soňra Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan dalaşgärlere bäş günüň dowamynda bäsleşiginiň geçiriljek senesi we wagty barada habar berilýär.

8. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde tälim alşy geçmekligi üçin bäsleşik on günüň dowamynda geçirilýär.

9. Bäsleşik geçirmek üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň buýrugy bilen tassyklanýan seçip alyş Topary döredilýär.

10. Seçip alyş Topary, şu aşakdaky işleri ýerine ýetirýär:

- şu Tertibiň 6-njy bölümde görkezilen resminamalara garaýar we tabşyrylan maglumatlary bilen tanyşýar;

- dalaşgärler bilen söhbetdeşlik geçirýär;

- tälim alşy geçmek üçin dalaşgäri teklip etmek ýa-da tälim alşy geçmäge dalaşgäri kabul etmekden ýüz döndermek hakynda çözgüt kabul edýär.

 

III. Jemleýji düzgünleri

 

11. Seçip alyş toparynyň çözgüdi açyk ses we sesleriň köplügi esasynda kabul edilýär.

Seçip alyş toparynyň çözgüdi toparyň başlygy we agzalary tarapyndan gol çekilen aýratyn teswirnama bilen resmileşdirilýär.

12. Seçip alyş topary bäsleşigiň netijeleri boýunça tälim alyjylaryň sanawy taýýarlaýar we Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň garamagyna hödürleýär.