icon
Türkmençe
Русский
English
Year 2024 - «Fount of Wisdom
Magtymguly Fragi
»
Home / TURKMENISTAN - UNESCO / ...

Aşgabat – Türkmenistanyň paýtagty

Türkmenistan hemişelik bitaraplyk ýörelgelerine esaslanmak arkaly BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Bu ugurda Türkmenistanyň ÝUNESKO (Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy) bilen netijeli gatnaşyklaryny aýratyn bellemek zerurdyr.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Hökümetiniň we ÝUNESKO-nyň arasynda 2021-2023-nji ýyllar üçin Herketleriň täze meýilnamasy işlenilip düzüldi. Bu resminamanyň taslamasy tarapyndan ähmiýetli medeniýet meseleleri bilen bir hatarda Aşgabat şäherini «Dizaýn» döredijilik ulgamy boýunça UNESCO-nyň Şäherleriň global döredijilik toruna girizmek boýunça hödürnamany taýýarlamak boýunça işler dowam edýär.

Mälim bolşy ýaly, UNESCO-nyň Şäherleriň döredijilik tory – bu 2004-nji ýylda döredilen özboluşly taslama bolup, ol medeni köpdürliligiň goraglylygyna we ilerledilmegine ýardam berilmegine, şonuň ýaly-da dünýäniň şäherleriniň durnukly we inklýuziw ösüşiniň ähmiýetli şerti hökmünde innowasiýalaryň we döredijilik aýratynlyklarynyň hemmeteraplaýyn ösdüdrilmegine ýardam bermeklige gönükdirilendir. Guramanyň bu tory amaly-haşam we halk sungaty, dizaýn, kinematografiýa, gastronomiýa, edebiýat, media sungaty we saz ýaly ýedi sany tematiki ulgamlar boýunça şäherleriň döredijilik mümkinçiliklerini şöhlelendirýändir. 

Häzirki wagtda döredijilik aýratynlyklary bilen utgaşdyrylan şäherler geografiki, demografiki ýa-da ykdysady tapawutlaryna garamazdan, döredijilikli ulgamlarynyň ösdürilmegi, medeniýet ulgamyndaky durmuşa gatnaşygyň işjeňleşdirilmegi we medeniýetiň şäherleriň durnukly ösüşiniň gün tertibine integrirlenmegi maksady bilen öňdebaryjy kämil tejribeleri ýaýbaňlandyrmak we olary ösdürmek babatda öz üstlerine borçnamalary aldylar. 

.

Aşgabat şäheri – Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ak mermerli paýtagtydyr, ol Merkezi Aziýanyň merjen şäheri diýlip ykrar edilendir we şol bir wagtyň özünde ýurduň iri administratiw-syýasy, ulag, söwda we ylmy-medeni merkezi bolup durýandyr.

Taryhy maglumatlara laýyklykda, şäheriň ady (eshq «söýgi») we (abad «şäher») diýen pars sözlerinden gelip çykypdyr. Bu günki günde Aşgabat – ösen senagatlaşan şäher bolmak bilen, durnukly ösüşiň, howpsuzlygyň we gaýtalanmajak gözelligiň özboluşly brendidir.

2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizioldi we bu neşiriň degişli şahadatnamasy gowşurdyldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda 2013-nji ýyldan başlap 25-nji maý Paýtagtyň güni – Aşgabat şäheriniň güni hökmünde bellenilip başlandy. Paýtagtyň baş wezipesi – dünýä türkmenleri üçin baş şäher bolmak bilen, olaryň jebislik mesgenine we milli döwletliligiň mizemez binýadyna öwrülmekden ybaratdyr.

Şeýle hem bellenilmeli zatlaryň biri, ol hem 2020-nji ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasynyň (SŞBF) agzalygyna kabul edildi. Bu abraýly halkara guramadaky agzalyk şähere dürli syýahatçylyk ugurlarynyň ösdürilmegi we ýaýbaňlandyrylmagy, şonuň ýaly-da şäheriň syýahatçylyk imijiniň işlenilip düzülmeginde täze mümkinçilikleri açýar.

Bu gün Aşgabat ýurduň syýasym durmuş-ykdysady, ylym-bilim we medeni merkezidir, onuň aýratyn derejesi «Türkmenistanyň paýtagtynyň hukuk ýagdaýy hakynda» Kanun bilen kesgitlenendir.    

Türkmen paýtagtynyň diplomatiýanyň hem-de bitaraplygyň sebitleýin we halkara merkezi hökmündäki abraýy hem barha artýar. Bu ýerde 2007-nji ýylda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň agza-döwletleriniň we agzalarynyň goldaw bermeginde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kararyna laýyklykda esaslandyrylan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ştab-kwartirasy ýerleşendir.  

Şäherde mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, sport hem-de durmuş ähmiýetli beýleki desgalaryň gurluşygy işjeň dowam edýär. Paýtagtyň häzirki zaman keşbiniň kemala getirilmeginde ýerleriň abadançylygyna we bag ekilişine aýratyn üns berilýär. 

Bu günki günde Aşgabat ş. ulag ulgamy awtomobil, demir ýol we howa ulag görnüşlerinden ybaratdyr. Paýtagtda halkara howa menzili hereket edýär. Aşgabat Türkmenistanyň iri aragatnaşyk ulgamy bolup durýar. Bu ýerde tele- we radiokommunikasiýalarynyň, sanly hemra aragatnaşygynyň ösen toy döredilendir. Türkmenistanyň paýtagty iri söwda merkezi bolup durýandyr. Ýurduň umumy söwda dolanşygynda Aşgabat öňdebaryjy orny eýeleýändir.

Aşgabatda dürli ýöriteleşikli 20-den gowrak ýokary okuw mekdepleri we 200-e golaý orta mekdepler bardyr. Şäherde iri ylmy-barlag we taslama institutlary ýerleşendir.

Türkmenistanyň paýtagty – bu medeni we sport merkezi bolup, bu ýerde köşpsanly teatrlar we döwlet muzeýleri, şeýle-de beýleki medeniýet merkezleri, iri sport desgalary, şol sanda Olimpiýa şäherçesi, Olimpiça suw-sport toplumy, Buzly köşk we Gyşky sport oýunlarynyň toplumy, atçylyk-sport toplumy we beýleki köpsanly dürli maksatly ähmiýetli desgalar bardyr.

«Ylham seýligähi» paýtagtyň iki sany merkezi köçeleriniň – Görogly we Magtymguly şaýollarynyň aralygynda ýerleşen bolup, ol türkmen şahyrlarynyň, akyldarlarynyň, dagymyýetiň we häzirki döwrüň görnükli alymlarynyň heýkellerini, heýkeltaraşlyk kompozisiýalarynyň hämiýetli toplumyny özünde jemleýändir.

Aşgabat Ginnesiň rekordlar kitabynda ençeme gezek belleniliň geçilýändir. Bu neşire paýtagtyň iň beýik baýdak sütüni (133 m.), iň uly çüwdürim toplumy (27 sany sinhronizirlenen çüwdürim), «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň iň uly ýapyk göwrünli syn ediş çarhy, «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň gurluşyan girýän Oguzhanyň sekizburçly ýyldyzy - ýyldyzyň iň uly binägrlik şekli hökmünde, şonuň ýaly-da Aşgabadyň halkara howa menziliniň esasy ýolagçy terminalynda ýerleşdirilen gölüň iň uly şekli (750 inedördül metr), Aşgabadyň Olimpiýa stadiony münberindäki ahalteke bedewiniň dünýädäki iň uly çeperçilik keşbi hökmünde hem-de Sportuň suw görnüşleri boýunça merkezi bolsa, dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti ýapyk howuz hökmünde ykrar edilip, girizilendir.   

Phone: +993 (12) 44-56-92
Fax: +993 (12) 44-58-12
Reception: +993 (12) 44-56-87
Press service: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Ashgabat, Archabil av., 108
Ashgabat, Turkmenistan
© 2024 Ministry of Foreign Affairs of Turkmenistan