icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

28 aprel 2017

1820

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk assosiasyýasynyň mejlisinde çykyş etdi

27.04.2017 //

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasyýasynyň VII mejlisinde çykyş etdi. Döwlet Baştutwanymyz mejlise gatnaşyjylary Türkmen bedewiniň baýramy bilen gutlady we häzirki döwürde Halkara ahalteke atçylyk assosiasyýasynyň düzümine 32 döwletden 137 agzanyň girýändigini aýtdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ahalteke atçylygynyň ösdürilmegi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň i leri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Atçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň düzümini döwrebaplaşdyrmak, arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini we milli çapyksuwarlyk däplerini wagyz etmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Türkmenistanda ajaýyp atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy şeýle işleriň aýdyň netijesidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çapyşyk, marafon, konkur we beýlekiler ýaly atçylyk sportunyň görnüşleri boýunça türgenleri taýýarlamak üçin ýapyk maneji bolan okuw merkezi hereket edýän Aşgabadyň atçylyk sport toplumyny mysal hökmünde görkezdi. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Aba Annaýew obasynda 600 baş ahalteke bedewine niýetlenen atçylyk toplumy, atşynaslar üçin şäherçe, şeýle hem halkara talaplaryna laýyk gelýän okuw-usulyýet we karantin-weterinar merkezleri guruldy.

Bu ulgamdaky bilim maksatnamalary barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň üçüsinde degişli amaly taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygyny habar berdi. Atçylyk bilen baglanyşykly täze hünärler Türkmen oba hojalyk unisersitetinde, Milli sport we syýahatçylyk institutynda açyldy. Türkmen döwlet medeniýet institutynda bolsa estrada we sirk artistlerini taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda arassa ganly ahalteke bedewleriniň tohumyny saklamaga, ahalteke bedewleriniň sport bäsleşiklerinde beýleki tohumdaky atlar bilen bäsleşmek ukybynyň ýokarlanmagyna we bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen ýörite ylmy-baprlaglaryň geçirilýändigini belledi.

Türkmen wekiliýetleriniň iri halkara atçylyk sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşmagy, şeýle hem “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň dünýäniň dürli ýurtlarynda üstünlikli çykyş etmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

“Behişdi ahalteke bedewleri” ady bilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasyýasynyň neşir edýän ýörite žurnaly, şeýle hem Döwlet habarlar agentliginiň adybbir wep-saýtynyň açylmagy we onuň dünýäniň onlarça ýurtlarynyň okyjylaryny çekmegi milli atşynaslyk sungatynyň dünýä ýüzünde giňden wagyz edilmegini şertlendirýär.

Döwlet Baştutanymyz atçylyk ýaryşlaryna gatnaşdyrmak arkaly bedewleri synagdan geçirmegiň täzeçil usullarynyň ornaşdyrylmagynyň möhümdigini belledi. Şu maksat bilen, Türkmenistan ýurdumyzda uzak aralyk boýunça marafon halkara ýaryşlaryny geçirmek, şeýle hem konkur bäsleşiklerini guramak başlangyçlaryny öňe sürdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň başlangyjy boýunça şu ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna ilkinji gezek konkur ýaryşynyň goşulandygyny habar berdi. Döwlet Baştutanymyz şeýle halkara ýaryşlarynyň geçirilmeginiň milli atçylyk sportunyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz pursatdan peýdalanyp, bu ýere ýygnananlary öňde boljak sport baýramçylygyna gatnaşyp, türkmen halkynyň şatlygyny paýlaşmak üçin Türkmenistana gelmäge çagyrdy.

“Biziň baş maksadymyz atçylyk sportuny ösdürmek bilen, ýaş nesilleri sagdyn bedenli we ruhubelent ösdürip ýetişdirmekden ybaratdyr” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk assosiasyýasynyň mejlisinde eden çykyşynda aýtdy.

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi