icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

04 aprel 2017

1346

Metbugat üçin habar

2017-nji ýylyň 4-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýardam bermeginde 2017-nji ýylyň 14-15-nji noýabrynda geçiriljek Owganystan boýunça sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygyň 7-nji Konferensiýasyna (RECCA VII) taýýarlyk meseleleri boýunça duşuşyk geçirildi.

Maslahatyň işine Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Hytaýyň, Gruziýanyň, Yragyň, Eýranyň, Päkistayň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Italiýanyň wekilleri gatnaşdylar.

Hususan-da, duşuşyga gatnaşyjylar meýilnamanyň taslamasyny, taýýarlyk döwründe we RECCA VII Konferensiýasynyň barşynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň gün tertibi ara alyp maslahatlaşyldy. Bu çäreler Konferensiýanyň esasy bölegi bilen bir hatarda ylmy-amaly simpoziumyň, biznes-forumyň, sebitleýin öndürijileriň harytlarynyň sergilerini geçirilmek mümkinçiligini öz içine alýar.

Maslahata gatnaşyjylar sebitleýin hyzmatdaşlygyň Owganystanyň territoriýasynda energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamlarynda wajyp taslamalaryň durmuşa geçirilmegi boýunça amaly ädimleriň kabul edilmeginiň möhümdigine üns berdiler.

Maslahatyň netijesinde geljekki Konferensiýanyň gün tertibiniň we jemleýji resminamasynyň taslamalaryny taýýarlamaga badalga berildi.

2005-nji ýylda Kabulda öňe sürülen Owganystan boýunça sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygyň Konferensiýasy sebitdäki ýurtlaryň Owganystandaky ýagdaýy durnuklaşdyrmak, Günorta we Merkezi Aziýanyň sebitleýin ykdysady integrasiýalaşmak boýunça tagallalaryny jebisleşdirmäge çagyrýar. 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi