icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

30 awgust 2017

1517

TOPH: Owganystanyň we sebitiň ykdysadyýetiniň ösüşine täsir

2017-nji ýylyň 6-njy iýulynda Owganystanyň Daşary işler ministrligi, Magdanlar we nebit ministrligi, Prezidentiň uly geňeşçisiniň kanselýariýasy we Owganystan boýunça sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky Konferensiýasynyň Sekretariaty bilen hyzmatdaşlykda  Kabulda Daşary işler ministrliginde “TOPH: Owganystanyň we sebitiň ykdysadyýetiniň ösüşine täsir” atly maslahat gurnaldy.

Maslahata 200-den gowrak gatnaşyjylar, şol sanda ministrler, ministrleriň orunbasarlary, ilçiler, parlamentiň agzalary, şeýle hem welaýat geňeşleriniň wekilleri, raýat jemgyýetiniň we hususy ulgamyň wekilleri gatnaşdylar.

Sessiýanyň açylyşynda Owganystanyň Daşary işler ministriniň ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça orunbasary hanym Adela Raz we Prezidentiň uly geňeşçisi, TOPH boýunça geňeşiň direktory jenap Aýmal Ahmadi giriş sözleri bilen çykyş etdiler, esasy temalar bilen Magdanlar we nebit ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji jenap Narges Nehan we “TAPI Pipeline Company Limited” kompaniýasynyň baş direktory jenap Muhammetmyrat Amanow çykyş etdiler.

Forum iki sany ara alyp maslahatlaşmalar bilen dowam etdi. Birinji topar, Magdanlar we nebit ministriniň orunbasary hanym Gazaal Habibýaryň ýolbaşçylygynda taslamanyň ýerine ýetirilişi, çäreler we geljekki meýilnamalar barada ünsi jemlediler.

Ikinji topar, Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça departamentiniň baş direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji jenap Hasan Soruşyň ýolbaşçylygynda sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça taslama seredip geçdiler.

Maslahat TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilişini seljermäge we taslamanyň milli we sebitleýin derejedäki  ykdysady tarapdan möhümligini, şol sanda onuň sebit boýunça ykdysady ösüşe we sebit araganaşyklaryna täsirini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi. Esasy üns taslama üçin maýa goýumlary höweslendirmek, köpçülige maglumat berişi ýokarlandyrmak maksatnamasy, şeýle hem gyzyklanýan taraplar we halkara hyzmatdaşlar bilen utgaşdyrmagy ýokarlandyrmagyň möhümligi ýaly meselelere berildi. Bu taslama soňky onýyllykda, şol sanda RECCA-nyň çäklerinde möhüm ähmiýetli bolmagynda galýar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi