icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

11 oktýabr 2017

1982

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyndaky çykyşy (Ahal welaýaty, 2017-nji ýylyň 9-njy oktýabry)

Hormatly Ýaşulularyň maslahatyna gatnaşyjylar!

Hormatly aksakgallar!

Hanymlar we jenaplar!

Ilkinji nobatda, men sizi Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň şanly wakasy bolan Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Şu maslahata gatnaşýan hormatly ýaşulular, gadyrly myhmanlar we mähriban adamlar, siziň ähliňize minnetdarlyk bildirmek we iň gowy arzuwlarymy beýan etmek isleýärin.

Biziň şu günki maslahatymyz berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň giňden we dabaraly baýram edilýän 26 ýyllyk senesiniň öň ýanynda geçirilýär. Döwlet Garaşsyzlygymyz bolsa biziň belent buýsanjymyzdyr!

Türkmenistan — parahatçylyk söýüji döwlet. Biz dünýäniň ähli ýurtlary bilen gatnaşyklarymyzy birek-birege hormat goýmak esasynda alyp barmaga çalyşýarys. Halkara gatnaşyklarda oňyn bitaraplyk syýasatyny gyşarnyksyz berjaý edýäris.

Size mälim bolşy ýaly, Garaşsyz döwletimiziň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýy, ilki bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edildi. Soňra bolsa onuň degişli Rezolýusiýalary bilen goldanyldy.

Häzirki döwürde Bitarap Watanymyz dünýä bileleşiginiň bu Rezolýusiýasyny öz Esasy Kanunynda beýan eden ýeke-täk döwletdir. Şoňa görä-de, biz bu taryhy Rezolýusiýa aýratyn ähmiýet berip, ýurdumyzyň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň esasy ýörelgelerini Konstitusiýamyzda anyk beýan etdik. Dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen hemişelik bitaraplygyň Garaşsyz döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi bolup durýandygyny aýratyn belläp geçdik.

Türkmenistan oňyn bitaraplygyň esasy ýörelgelerini goldanmak bilen, diňe bir mähriban halkymyzyň bähbitlerine däl-de, eýsem, tutuş Ýer ýüzüniň halklarynyň bähbitleri üçin hem işjeň daşary syýasaty alyp barýar.

Biz «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017—2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalar bilen, şeýle hem dünýäniň dürli ýurtlary bilen ýola goýlan syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklarymyzy berkitmäge we yzygiderli ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris.

Şonuň ýaly-da, Birleşen Milletler Guramasy bilen we dünýä bileleşiginiň ýöriteleşdirilen edaralary bolan Ösüş Maksatnamasynyň, ÝUNESKO-nyň, Ilat Gaznasynyň, Çagalar Gaznasynyň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň, Neşelere we jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça Müdirliginiň ýurdumyzda ýerleşýän wekilhanalary bilen alyp barýan hyzmatdaşlygymyzy yzygiderli ösdürýäris we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýarys. Şeýle hem bu abraýly halkara guramanyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýäris.

Siziň bilşiňiz ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etdi. 2017-nji ýylyň 19-njy aprelinde bolsa biziň Bitarap döwletimiz bu guramanyň Çagalar Gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 2018—2020-nji ýyllar üçin agzalygyna we Zenanlaryň hukuk ýagdaýy boýunça Komissiýasynyň 2018—2022-nji ýyllar üçin agzalygyna saýlandy.

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň Komissiýasynyň mejlisinde bu Guramanyň ösüşiň bähbitlerine Ylym we tehnika boýunça Komissiýasyna 2017—2020-nji ýyllar, Ilat hem-de ösüş boýunça Komissiýasyna 2016—2020-nji ýyllar, şeýle hem Durmuş ösüşi boýunça Komissiýasyna 2017—2021-nji ýyllar üçin saýlanmagy bizi aýratyn guwandyrýar.

Garaşsyz döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde ählumumy kiber howpsuzlygyny üpjün etmek meselesine düýpli çemeleşmegi teklip etdi.

Siziň bilşiňiz ýaly, «Aziada — 2017: Parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna halkara sport hyzmatdaşlygy» atly halkara sport kongresiniň jemleýji Jarnamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde ýaýradyldy. Bu resminama esaslanyp, Türkmenistan ÝUNESKO-nyň howandarlygynda bedenterbiýe hem-de sport boýunça jogapkär ministrleriň we ýolbaşçylaryň ýedinji halkara maslahatyny geçirmegi göz öňünde tutýar.

Şu ýyl biziň ýurdumyz Energetika Hartiýasynyň Halkara Konferensiýasyna başlyklyk edýän döwletiň borçlaryny hem ýerine ýetirýär. Biziň ýurdumyzyň şeýle abraýly halkara guramalara saýlanmagy bitarap döwletimiziň bütin adamzadyň bähbitleri üçin hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk söýüji syýasatyna halkara bileleşigiň hemmetaraplaýyn goldaw berýändigini aýdyň görkezýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda kanunçylyk taýdan berkidilen bitaraplyk ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarly bolup galmak bilen, biz geljekde hem akgöwünlilik, dostluk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp bararys. Bu syýasat bolsa diňe bir milli bähbitlerimize däl-de, eýsem, dünýä bileleşiginiň bähbitlerine-de, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň maksatlaryna hem doly laýyk gelýär. Şoňa görä-de, biz Garaşsyz Watanymyzyň halkara giňişlikde tutýan ornuny pugtalandyrmak üçin geljekde hem hemmetaraplaýyn tagallalary ederis.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Hormatly ýaşulular!

Gadyrly dostlar!

Biz ýurdumyzyň ösüşiniň ykdysady görkezijilerine şu ýylyň 9 aýynyň jemlerine bagyşlanyp ýaňy-ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde seretdik. Siz bu görkezijiler bilen tanşansyňyz. Bu görkezijiler metbugatda çap edildi we telewideniýede hem görkezildi. Şoňa görä-de, siziň ünsüňizi edilen işler baradaky meselä ýene-de çekip durjak däl. Men diňe esasy meseleleriň üstünde durup geçmek isleýärin.

Biz ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi, onuň eksport mümkinçiliklerini giňeltmegi maksat edinýäris. Şu wezipelerden ugur alyp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri çykarmak we özümizde öndürilýän önümleriň beýleki ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirip başladyk. Şeýle hem elektron senagatyny döretmek boýunça Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmaga girişdik.

Bu maksatnamalary ýerine ýetirmekde eýýäm gowy netijeleri hem gazandyk. Ýurdumyza beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň möçberi azaldy. Daşary ýurtlara iberýän önümlerimiziň möçberi bolsa artdy.

Siziň bilşiňiz ýaly, 2007-nji ýylda «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» kabul edildi. Bu Maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzda durmuş maksatly we inžener üpjünçilik ulgamlarynyň müňlerçe desgalary gurlup, ulanmaga berildi. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012—2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň» çäklerinde bolsa ägirt uly halkara ähmiýeti bolan onlarça taslamalar amala aşyryldy.

Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda özgertmeler geçirilýär. Ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň möhüm çeşmeleriniň onlarçasy üçin düýpli esaslar goýuldy. Bu işleriň yzygiderli ýerine ýetirilmegi netijesinde, ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etjek kuwwatly önümçilik, durmuş we inženerçilik ulgamlarynyň berk esaslaryny döretmek dowam edýär.

Transmilli gaz geçirijileriň, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, demir ýollaryň, ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň, uly köprüleriň, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky onlarça binalaryň we beýleki iri desgalaryň gurluşygy munuň aýdyň mysallarydyr.

Ilatyň jan başyna düşýän jemi içerki önümiň ortaça möçberini göz öňünde tutanyňda, Türkmenistan indi durmuş-ykdysady görkezijileri boýunça girdeji derejesi ýokary bolan ýurtlary häsiýetlendirýän umumy kabul edilen sepgitden geçdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamenti, Söwda we ösüş boýunça geňeşi, Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky hem-de beýleki abraýly halkara guramalar hem Garaşsyz Watanymyzda pul-karz, salgyt-býujet, nyrh, maýa goýum syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny tassyklaýarlar.

Abraýly halkara maliýe guramalarynyň çaklamalaryna görä, ýurdumyzda 2017-nji we 2018-nji ýyllarda hem jemi içerki önümiň ýokary depgin bilen, ýagny 6,4 göterim derejede ösmegine garaşylýar. Bu bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2015-nji ýylyň sentýabrynda bolup geçen 70-nji mejlisinde yglan edilen Durnukly ösüşiň maksatlarynyň köpüsiniň 2007-nji ýyldan bäri ýurdumyzda durmuşa geçirilendigini aýdyň tassyklaýar.

Garaşsyz Watanymyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeler we gazanylan üstünlikler ykdysadyýetimizi dolandyrmagyň hem-de döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň usullarynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, mähriban halkymyzyň doly goldamagy netijesinde mümkin boldy.

Häzirki döwürde biz ýurdumyzda durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen kuwwatly häzirki zaman ykdysady ulgamynyň ýokary ösüşe eýe bolandygyny doly tassyklap bileris. Bu ulgam eýeçiligiň dürli görnüşlerine esaslanýar hem-de bazar gatnaşyklaryna tapgyrma-tapgyr geçmegi göz öňünde tutýar.

Hormatly ýaşulular!

Gadyrly myhmanlar!

Hormatly dostlar!

Aşgabat şäherinde ýokary derejede geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary şu ýylyň halkara ähmiýetli möhüm wakasy boldy.

Biziň ýurdumyz V Aziýa oýunlaryna örän jogapkärçilikli taýýarlandy. Aşgabatda 2010-njy ýylda Olimpiýa şäherçesiniň düýbi tutuldy. Size mälim bolşy ýaly, onuň gurluşygyna köp möçberde maýa goýumlary gönükdirildi. Bu ýerde gurlan desgalar Halkara Olimpiýa komitetiniň talaplaryna laýyklykda enjamlaşdyryldy.

Olimpiýa stadionynyň münberini çeper keşbi bezeýän ahalteke bedewiniň heýkeliniň, şeýle hem ýokary halkara talaplara laýyk gelýän, ekologiýa taýdan arassa serişdelerden gurlan Sportuň suw görnüşleri merkeziniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi hem ýurdumyzda sport desgalarynyň gurluşygyna düýpli we örän jogapkärli garalýandygyny görkezýär.

Olimpiýa şäherçesiniň sport desgalarynda sportuň 21 görnüşi boýunça halkara ýaryşlar ýokary derejede geçirildi. Bu ýaryşlara 65 ýygyndy topar gatnaşdy.

Garaşsyz döwletimiziň türgenleriniň bu Oýunlarda umumy topar hasabynda has köp medal alyp, birinji orna çykmagy bizi örän begendirýär. Sportda gazanan bu ajaýyp ýeňişlerimiziň mähriban halkymyzyň watançylyk duýgusyny, eziz Diýarymyza bolan buýsanjyny has artdyrandygyny aýtmaga biziň doly hukugymyz bardyr! Bu oýunlaryň örän ýokary derejede geçirilmegi dünýäniň Olimpiýa hereketinde berkarar Watanymyzyň abraýyny öňküden-de berkitdi. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistany dünýä derejeli sport merkezi hökmünde ykrar etdi.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Gadyrly dostlar!

Biz şu gün örän möhüm resminamany — ýakyn ýyllarda ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň maksatnamasyny ara alyp maslahatlaşmaly hem-de kabul etmeli.

Siziň bilşiňiz ýaly, soňky ýyllarda dünýäde bolup geçen käbir ykdysady we syýasy wakalar ýurdumyzyň ykdysady ösüşine belli bir derejede ýaramaz täsirini ýetirdi. Şol ýyllar, ilkinji nobatda, dünýä ykdysadyýetiniň ösüş depgini pese düşdi. Bu bolsa geosyýasy ýagdaýlar, dünýä bazarlarynda uglewodorod serişdeleriniň bahasynyň peselmegi, Türkmenistanyň esasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlary bolan ýurtlaryň ykdysadyýetiniň ýeterlik derejede durnuksyz ösmegi, erkin ýörgünli daşary ýurt pulunyň hümmetiniň üýtgemegi, gazna bazarlarynda gymmatly kagyzlaryň durnuksyz ýagdaýy hem-de beýleki sebäpler bilen baglydyr.

Dünýä ýurtlarynda bolup geçýän bu hadysalaryň düýpli öwrenilmegi Türkmenistany 2018—2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň anyk maksatlaryna we wezipelerine düzedişleri girizmek üçin aýratyn ünsi jemlemäge mümkinçilik berdi.

Şoňa görä-de, ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmek üçin ähli serişdelerimizi we mümkinçiliklerimizi doly peýdalanmak wezipesi öňde goýuldy. Bazar gatnaşyklaryna geçmegi çaltlandyrmak, hususan-da, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagyny çalt depginler bilen ösdürmek bellenildi. Bilelikdäki kärhanalary we paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, gazna biržalarynyň we gymmatly kagyzlaryň bazarynyň işini güýçlendirmek göz öňünde tutuldy.

Şunuň esasynda biz «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018—2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» taslamasyny işläp taýýarladyk. Bu taslama tanyşmak üçin size berildi.

Maksatnamada 2018—2024-nji ýyllarda Garaşsyz Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatlary kesgitlendi. Öňde duran wezipeler, esasy ýörelgeler, ileri tutulýan ugurlar we garaşylýan netijeler beýan edildi. Şeýle hem bellenen şu maksatlary durmuşa geçirmek boýunça çäreler, şol sanda ykdysady edaralaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak göz öňünde tutuldy. Döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň ulgamyny we döwrebaplaşdyrmagyň ýollaryny kämilleşdirmek boýunça wezipeler bellenildi.

Dünýä maliýe-ykdysady çökgünligi şertlerinde makroykdysady dolandyryşy gowulandyrmak üçin ähli zerur çäreleri görmek göz öňünde tutulýar. Bu görkezijileriň barabarlygyny gazanmak, maliýe we bank ulgamynda geçirilýän özgertmeleri dowam etmek bellenilýär.

Maksatnamada kesgitlenişine laýyklykda, ýakyn 7 ýylyň dowamynda ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň ýyllyk ösüş depginini ýokary (6,2—8,2 göterim) derejede saklamak meýilleşdirilýär.

Şu döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň düzüminde senagatyň paýy ortaça 33 göterime, gurluşygyňky 14, oba hojalygynyň paýy 10,9 göterime ýeter. Bu görkeziji ulag we aragatnaşyk pudaklary boýunça 9,1, söwda ulgamy boýunça 12 göterime, dürli ugurly hyzmatlar ulgamy boýunça hem 21 göterime barabar bolar.

Senagat taýdan ösen ykdysadyýetiň esaslaryny döretmek maksady bilen, ileri tutulýan milli ugurlary döretmek we üpjün etmek hem-de ylmy-tehniki başlangyçlary goldamak boýunça işler dowam etdiriler. Umuman, ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge döwlet goldawy ykdysady syýasaty durmuşa geçirmek bilen bagly çäreleriň ulgamyny amala aşyrmak arkaly ählumumy we sebit derejelerinde berilýär.

Bu işleriň amala aşyrylmagy eksport mümkinçiliklerimizi ep-esli artdyrmaga doly şert döreder. Şeýle hem ýurdumyzyň ähli ýerlerinde beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän kuwwatlyklary döretmäge mümkinçilik berer.

Maksatnamanyň durmuşa geçirilýän döwründe işjeň maýa goýum syýasaty alnyp barlar. Ýurdumyzy 2018—2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek ulgamyna esasy maýa goýumy hökmünde 240 milliard manatdan gowrak serişde goýberiler. Şu döwürde nebitgaz toplumyna 159,9 milliard manat möçberde düýpli maýa goýumlary gönükdiriler we 6 müň 900-den gowrak täze iş orunlary dörediler.

Ahal welaýatynyň Owadandepe şäherçesinde gurulýan zawodda 2024-nji ýylda tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa 600 müň tonna A-92 kysymly benzin öndürip başlamak göz öňünde tutulýar. Şol döwürde «Malaý» käninde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi üçin gaz gysyjy bekediň gurluşygy hem tamamlanar. Özi hem bularyň hemmesi biziň öz güýjümiz bilen amala aşyrylar. Bu uly zatdyr!

Ýurdumyzda elektrik energiýasynyň öndürilýän umumy möçberi 2024-nji ýyla çenli 33 milliard kilowat/sagada ýetiriler. Bu bolsa 2018-nji ýyl bilen deňeşdirilende 27,2 göterim köpdür.

Şunuň bilen birlikde, Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde 2018—2024-nji ýyllarda polipropilen, poliwinilhlorid, kaustik soda, duz kislotasyny we suwuk hlor öndürýän gazhimiýa toplumyny gurmak göz öňünde tutulýar.

Himiýa senagaty boýunça 2018-nji ýylda Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän zawody işe girizmek bellenilýär. Bu zawod ýurdumyzyň karbamid öndürýän iň iri kärhanasy bolar.

Mundan başga-da, Balkan welaýatynyň çäklerinde 2018—2024-nji ýyllarda ýod-brom suwlaryny gaýtadan işläp, ýod we brom hem-de olardan alynýan önümleri öndürýän kärhanalaryň kuwwatyny artdyrmak meýilleşdirilýär. Şonuň netijesinde, ýedi ýylyň içinde tehniki ýoduň öndürilişi 2,3 esse artar, 2024-nji ýylda bu önümiň daşary ýurtlara iberilýän möçberi bolsa 1 müň tonnadan hem köp bolar.

Maksatnamanyň amala aşyrylýan döwründe ýurdumyzyň ulag üpjünçilik ulgamynyň iri merkezleriniň biri bolan Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty dörediler.

Bulardan başga-da, 2022-nji ýylda Mary şäherinde 300 müň tonna ammiak selitrasyny we 450 müň tonna karbamid öndürýän toplumyň gurluşygyna girişiler. Bu toplumyň gurluşygyny 2026-njy ýylda tamamlamak göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen birlikde, 2021-nji ýylda Türkmenabadyň himiýa zawodynyň senagat meýdançasynda her ýylda 300 müň tonna konsentrirlenen fosfor dökünlerini öndürýän kärhanany işe girizmek üçin düýpli maýa goýumlaryny özleşdirmek bellenilýär. Bu taslama ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny dökünleriň şu görnüşi bilen üpjün etmäge gönükdirilendir.

Ýurdumyzda mineral dökünleriň öndürilýän möçberleri 2018-nji ýyl bilen deňeşdirilende 2024-nji ýylda 1,6 esse artar we 3 million 825 müň tonna ýetiriler. Bu önümleriň 74,5 göterimi daşarky bazarlara iberiler.

Lebap welaýatynyň Atamyrat şäherinde we Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde 2019—2021-nji ýyllarda her biri sagatda 100 ýolagça hyzmat edýän häzirki zaman howa menzillerini gurmak meýilleşdirilýär.

Kommunikasiýalary ösdürmäge ýardam berýän emeli hemramyzyň älem giňişligine çykarylmagy ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülendigine şaýatlyk edýär. Milli kosmos ulgamymyzy kämilleşdirmek we ösdürmek üçin, 2018—2024-nji ýyllarda 1 milliard 300 million manada golaý düýpli maýa goýumlaryny gönükdirmek bellenilýär.

Şol döwürde ýerüsti gözegçiligi geçirmäge niýetlenen ýene-de bir emeli hemrany döretmek we älem giňişligine çykarmak göz öňünde tutulýar. Bu bolsa oba hojalygynda, nebit senagatynda alnyp barylýan işlere we daşky gurşawa gözegçilik etmäge şert döreder.

Ýurdumyzda Internet ulgamynyň hemmelere elýeterli bolmagy ykdysadyýetimiziň ösüşini çaltlandyrmaga mümkinçilik berer. Iň ýönekeý hasaplamalara görä, 2045-nji ýyla çenli bütin dünýä boýunça 100 milliarddan gowrak enjam Internet ulgamyna birikdiriler. Muňa ykjam we göterilýän enjamlar, abzallar, lukmançylyk hem-de senagat gurallary, howpsuzlyk enjamlary, awtomobiller, eginbaşlar we beýleki tehnologiýalar hem degişlidir.

Şol enjamlaryň ählisi ägirt köp maglumatlary özünde jemlär we ýaýradar. Bu bolsa biziň işimizde we durmuşymyzda düýpli öwrülişige getirer. Adamlar Internet ulgamy arkaly alnan maglumatlary has-da oýlanyşykly çözgütleri kabul etmek we öz durmuşyna hem-de daş-töwerekde bolup geçýän wakalara has düýpli düşünmek üçin ulanar.

Şeýle hem Internete birikdirilen enjamlar häzirki döwürde ynsan zähmetini talap edýän gözegçiligiň, dolandyryşyň we abatlaýyş işleriniň köp wezipelerini awtomatlaşdyrar. Şoňa görä-de, men Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, Türkmenistanyň Mejlisine, Ylymlar akademiýasyna Internet ulgamyny ösdürmek, elektron senagatyny döretmek boýunça ýörite maksatnama taýýarlamagy tabşyrýaryn.

Ýakyn wagtda saglygy goraýyş ulgamynda hem köp möçberde maýa goýumlaryny özleşdirmek we häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Durmuş meselelerini çözmekde ýurdumyzyň ykdysady ösüşini çaltlandyrmak Birleşen Milletler Guramasynyň kabul eden Durnukly ösüş maksatlaryna laýyklykda amala aşyrylar.

Ýurdumyzda 2018—2024-nji ýyllarda ortaça zähmet haky her ýyl 10 göterim artar. Saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek we ony häzirki zaman enjamlary bilen üpjün etmek üçin, lukmançylyk edaralaryny gurmak, düýpli abatlamak hem-de olaryň durkuny täzelemek işleri dowam etdiriler. Sagdyn nesli kemala getirmek maksady bilen, täze gurluşyklaryň hasabyna bedenterbiýe we sport desgalarynyň hem-de binalarynyň ulgamyny giňeltmek boýunça çäreler hem durmuşa geçiriler.

Ýurdumyzda 2018—2024-nji ýyllarda bilim ulgamynyň ähli basgançaklaryny döwrebap ýagdaýa getirmek boýunça işler dowam etdiriler. Hojalygy ýöretmegiň döwlete dahylsyz we garyşyk pudagynyň binýadynda orta hem-de ýokary hünär okuw mekdepleriniň ulgamyny giňeltmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, tölegli bilim almak ulgamy hem ösdüriler.

Medeniýet we çeper döredijilik ulgamlaryny döwlet tarapyndan maglumat bilen üpjün etmek boýunça çäreler görler. Innowasion ösüş, medeni gymmatlyklarymyzyň ilata elýeterli bolmagyny giňeltmek we dünýä medeniýetiniň gazananlary bilen tanyşdyrmak üçin şertler dörediler.

Maksatnamanyň amala aşyrylýan döwründe ilatyň hal-ýagdaýyny has gowulandyrmak boýunça netijeli çäreler amala aşyrylar. Hususan-da, ýaşaýyş-jemagat hyzmatlary toplumy we arassa agyz suwy bilen üpjün edilen ýaşaýyş jaýlary gurlar. Şeýle hem durmuş maksatly desgalaryň müňlerçesini, meýdany millionlarça inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlaryny bina etmek, häzirki zaman inženerçilik kommunikasiýalaryny çekmek bellenilýär.

Şunuň bilen baglylykda, karz serişdeleriniň hasabyna gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň möçberi artar. Ýaş maşgalalary ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek üçin, karz serişdelerini we ýer böleklerini bermegiň ulgamy yzygiderli ösdüriler.

Maksatnama laýyklykda, 7 ýylyň dowamynda hususy telekeçilik ulgamynda kiçi we iri senagat kärhanalarynyň ýüzlerçesini döretmek meýilleşdirilýär. Şol döwürde daşary ýurt we bilelikdäki kärhanalary döretmek boýunça hem düýpli özgertmeler geçiriler.

Ýurdumyzda ýörite ykdysady zolaklar dörediler. Işläp gelýän döwlet kärhanalary hususylaşdyrylar hem-de paýdarlar jemgyýetleri guralar. Bazar gatnaşyklaryna geçmegiň dowamynda düýpli özgertmeler amala aşyrylar. Giň gerimli şeýle işleri geçirmegiň netijesinde, ykdysadyýetimizde döwlete dahylsyz pudagyň paýy yzygiderli artar.

Ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen, elektromobilleri ýygnaýan bilelikdäki zawody gurmak hem göz öňünde tutulýar.

Umuman, gysgaça aýdanyňda, ýurdumyzy ýakyn 7 ýylyň dowamynda ösdürmegiň esasy ugurlary, ine, şulardan ybarat. Bu meseläni ara alyp maslahatlaşmak üçin size maglumatlar berildi. Şoňa görä-de, men Ýaşulularyň maslahatynyň agzalarynyň bu barada öz pikirlerini aýtmaklaryny haýyş edýärin.

Hormatly Ýaşulularyň maslahatyna gatnaşyjylar!

Biz ýene-de bir örän möhüm meseläni ara alyp maslahatlaşmaly. Häzirki döwürde ýurdumyzyň 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynda Garaşsyz Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny taýýarlamak işjeň alnyp barylýar. Men häzir diňe aýry-aýry ugurlar barada durup geçmek isleýärin.

Bu meselede pudaklary çalt we ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň hasabyna ýokary depginler bilen durnukly ykdysady ösüşi gazanmak biziň esasy maksadymyz bolar diýip pikir edýärin.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen we toplumlaýyn ösdürmek boýunça özgertmeler dowam etdirilmelidir. Bu özgertmeler halkara we sebit ähmiýetli giň gerimli, aýratyn möhüm maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrylmagyny göz öňünde tutýar.

Raýatlarymyzyň durmuş abadançylygyny, hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagyny üpjün etmek Garaşsyz Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Şoňa görä-de, geçen ýyllarda bolşy ýaly, 2018-nji ýylda hem biziň alyp barýan durmuş syýasatymyz ilatymyzyň ýaşaýşynyň hilini we derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilmelidir.

Saglygy goraýyş, bilim, medeniýet ulgamlarynyň we hyzmatlar ulgamyna degişli beýleki görnüşdäki işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak esasynda adam mümkinçiligini artdyrmak üçin şertleri döretmelidir.

Şoňa görä-de, geljek ýylda durmuş ulgamyny maliýeleşdirmegiň mukdary ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň umumy möçberiniň 75–80 göteriminden az bolmaly däldir. Ykdysadyýetiň ygtybarly ösüşine, maliýe we durmuş durnuklylygyna esaslanýan ilatyň girdejileriniň artmagy we ýaşaýyş jaý şertleriniň gowulandyrylmagy üpjün edilmelidir. Şeýle hem döwlet tarapyndan eneligi we çagalygy goramak boýunça çäreler görülmelidir.

Zähmet serişdelerini netijeli dolandyrmak we zähmet bazaryndaky meseleleri çözmek, raýatlarymyzyň zähmet çekmäge bolan konstitusion hukuklaryny amala aşyrmak üçin şertleri döretmek boýunça çäreleri maliýeleşdirmek Döwlet býujetinde uly orny eýelemelidir.

Şoňa görä-de, men ähli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisine geljek ýylyň Döwlet býujetini taýýarlamaga örän jogapkärli garap, ony ýylyň ahyryna çenli kabul etmegi tabşyrýaryn.

Hormatly adamlar!

Siziň bilşiňiz ýaly, ýurdumyz Garaşsyzlygyny alan ilkinji döwürlerde halkymyza gaz, agyz suwy, elektrik energiýasy we nahar duzy mugt berildi. Jemagat hyzmatlary üçin hem ujypsyz töleg bellendi. Şol çylşyrymly döwürde bu çäreler raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýyny ýeňilleşdirmäge gönükdirilipdi.

Şol döwürde döwletiň gaznasy boşdy. Zähmet haklaryny tölemek, zerur bolan dermanlary satyn almak, harby we hukuk goraýjy edaralary saklamak üçin serişde ýokdy. Bu bolsa raýatlarymyzyň bazar ykdysadyýetiniň şertlerine uýgunlaşmagy üçin amatsyz ýagdaýy döredýärdi. Şoňa görä-de, biz şeýle aýgytly çäreleri görmeli bolduk. Halkymyz köp serişdeleri mugt ulandy we köp ýyllardan bäri bu durmuş ýeňilliklerinden peýdalanyp gelýär.

Biziň ýurdumyzyň ilatyna berilýän şeýle ýeňillikler dünýäniň hiç döwletinde ýok. Bu çykdajylary Türkmenistanyň Döwlet býujetinden maliýeleşdirmek üçin ägirt köp maliýe serişdeleri goýberilýär. Ýöne häzirki döwürde bu ýeňillikleri ýatyrmagyň wagty geldi diýip pikir edýärin.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bazar gatnaşyklaryna düýpli goşulmagy milli baýlyklarymyzy aýawly, rejeli, tygşytly we ýokary netijeli peýdalanmagy talap edýär. Ilatyň girdejileriniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, iş bilen üpjünçiliginiň gowulandyrylmagy ozal mugt berlen durmuş ýeňillikleri üçin indi belli bir derejede tölegleri girizmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa öň durmuş ýeňillikleri bilen bagly bolan pudaklaryň düşewüntli işlemegini ýola goýmak üçin ähli şertleri döreder diýip pikir edýärin.

Mundan başga-da, hormatly ýaşulularymyzyň birnäçe ýyldan bäri tebigy serişdelerimizi sarp etmek üçin tölegleri bellemegi hem-de bar bolan ýeňillikleri ýatyrmagy yzygiderli maslahat berýändiklerinden hem ugur alsak, dogry bolar diýip hasaplaýaryn.

Şoňa görä-de, ýaşulularyň pikirini goldamak we nazara almak bilen, geljekde hyzmatlar, tebigy gaz, elektrik energiýasy, agyz suwy we nahar duzy üçin kadaly tölegleri tapgyrma-tapgyr girizsek, maksadalaýyk bolar diýip hasap edýärin. Siziň bu teklibi goldajakdygyňyza ynanýaryn!

Hormatly Ýaşulularyň maslahatyna gatnaşyjylar!

Hormatly aksakgallar!

Hanymlar we jenaplar!

Men şu ýerde ýene-de bir möhüm meseläni gozgamak isleýärin. Adatça, raýatlardan gelip gowuşýan ýüztutmalar hemişe degişli edaralar tarapyndan seljerilýär. Bu ýüztutmalaryň ählisi jikme-jik öwrenilýär we olar boýunça degişli işler geçirilýär.

Soňky döwürde raýatlarymyzdan Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň hukuk ýagdaýyny üýtgetmek we alyp barýan işini kämilleşdirmek boýunça ençeme teklipler gelip gowuşdy.

Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahaty 2008-nji ýyldan bäri hereket edip, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeläp gelýär. Halkymyzyň däp-dessuryna laýyklykda, ýaşulular bilen maslahatlaşman, hiç bir möhüm kanun ýa-da resminama kabul edilmeýär.

Geçen döwürde Ýaşulularyň maslahatynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek hem-de raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak bilen bagly köp sanly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we örän möhüm çözgütler kabul edildi. Elbetde, bu resminamalaryň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzy ösdürmekde hem, mähriban halkymyzyň abadançylygy üçin hem oňyn netijeleri berdi.

Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň döwletimizde eýeleýän ornuny ýokarlandyrmak üçin, men onuň hukuk ýagdaýyny üýtgetmegi we gurluşyny özgertmegi teklip edýärin.

Bu maslahaty Türkmenistanyň Halk Maslahaty diýip atlandyrsak, şeýle hem onuň işine halkymyzyň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagyny üpjün etmek üçin, düzümini giňeltsek, maksadalaýyk bolar diýip hasap edýärin.

Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýerli edaralaryny döretmek zerur bolup durýar. Ýerli edaralar hakynda aýtmak bilen, men häzirki wagtda hereket edýän etrap, şäher hem-de welaýat halk maslahatlaryny göz öňünde tutýaryn. Wekilçilikli bu edaralary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýerli edaralary hökmünde resmileşdirsek, biz olaryň netijeli işlemegi üçin şertleri dörederis diýip pikir edýärin.

Bu wezipeleri amala aşyrmak üçin, degişli kanunçylyk namalaryny kabul etmeli. Şoňa görä-de, men Türkmenistanyň Mejlisine, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna we Adalat ministrligine degişli resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça teklipleri bermegi tabşyrdym.

Biz taýýarlanan şol resminamalaryň taslamalaryny şu maslahatda siziň garamagyňyza hödürledik. Eger, makullasaňyz, biz olary kabul ederis. Bu işi gaýra goýman, ýerine ýetirmeli. Sebäbi, wagt garaşmaýar. Öňde bize uly we jogapkärli wezipeler garaşýar. Men garamagyňyza berlen teklipleri doly öwrenmegi we öz pikiriňizi aýtmagy sizden haýyş edýärin.

Eger zerur diýip hasap etsek, onda bu tekliplere degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizeris. Ýaşulularyň şu maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisinden öz maslahatyny geçirmegi hem-de degişli resminamalara seretmegi we olary kabul etmegi haýyş ederis.

Saýlawlar hakynda aýdylanda bolsa, öňümizde şeýle çäreleriň birnäçesi bar. Ýagny 2018-nji ýylda biz Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, şeýle hem Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny geçirmeli. Şoňa görä-de, biz bu saýlawlara häzirden taýýarlyk görüp başlamaly.

Hormatly Ýaşulularyň maslahatyna gatnaşyjylar!

Hormatly ýaşulular!

Hanymlar we jenaplar!

Biziň uzak möhletli örän möhüm maksatlarymyz, daşary syýasy ugrumyz mundan beýläk hem üýtgewsiz galýar. Sebäbi, biz demokratik döwletimiziň, adalatly raýat jemgyýetimiziň hukuk binýadyny has-da berkitmek hem-de kämilleşdirmek üçin, döredijilik we parahatçylyk söýüji ýörelgelere eýerýän Garaşsyz Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň Ýer ýüzündäki at-abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga we ynamly öňe gitmäge ygrarlydyrys.

Biz öz sözümiz, janymyz-tenimiz we şöhratly işlerimiz bilen, ajaýyp geljegimiz üçin Garaşsyz Watanymyza, mähriban halkymyza ýürekden hyzmat etmelidiris. Biziň häzirki we geljekdäki üstünliklerimiziň girewi, ine, şunda jemlenendir.

Hormatly adamlar!

Siziň ähliňize tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar durmuş we asuda asman, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Goý, Garaşsyz döwletimiziň we agzybir halkymyzyň at-abraýy we şan-şöhraty älem-jahana ýaň salsyn!

Goý, mukaddes Garaşsyzlygyň röwşen ýoly bilen ösüşleriň täze belentliklerine ynamly barýan eziz Diýarymyz mundan beýläk-de gülläp össün!

Goý, Türkmen döwletiniň halkara abraýy Ýer ýüzüne dolsun!

Ýaşasyn eziz Watanymyz Türkmenistan!

Ýaşasyn baky sarsmaz Türkmen döwleti!

Ýaşasyn Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri!

Ýaşasyn Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan!

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi