icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

14 noýabr 2017

1219

Aşgabatda Owganystan boýunça sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahaty öz işine başlady

2017-nji ýylyň 14-nji noýabrynda paýtagtda ýerleşýän “Ýyldyz” myhmanhanasynda ikigünlik Owganystan boýunça 7-nji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk Maslahaty (RECCA VII)  öz işine başlady. Maslahatyň ilkinji iş gününde umumy mejlis we işçi toparlarynyň üç sany mejlisi geçirildi.

Forumyň birinji iş gününe RECCA VII-ä agza ýurtlaryň wekilleri we bilermenler, birnäçe halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Umumy mejlisde Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary giriş sözleri bilen çykyş etdiler. Işçi toparlar tarapyndan esasy temasy hususy sektoryň ösüşini kesgitlemek we ykdysady gatnaşyklary giňeltmek bolan maslahatyň gün tertibiniň taslamasy taýýarlanyldy.

Ilçi toparlaryň mejlisiniň dowamynda energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda amala aşyrylýan taslamalary Owganystanyň gatnaşmagynda ýerine ýetirmek, söwdada bilelikde hereket etmek, hususy pudagyň ösüşi we telekeçiler ugry bilen işewür hyzmatdaşlygy güýçlendirmek ýaly ugurlara degişli bolan meseleler boýunça pikir alyşmalar geçirildi.  

Günüň ikinji ýarymynda “Mizan” täjirçilik merkezinde türkmen we owgan telekeçileri tarapyndan öndürilen harytlaryň ýöriteleşdirilen sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Mundan başga-da birnäçe sebit ýurtlarynyň işewürler toparlary we söwda öýleri hem öz önümlerini görkezdiler. Sergide derman senagatynyň önümleri, iýmit we gaýtadan işleýän senagatynyň harytlary, dokma önümleri, öý hojalyk, dürli bezegler we ýadygärlik  sowgatlar ýerleşdirilipdir.

Mundan başga-da RECCA VII Maslahatynyň çäklerinde “Arçabil” myhmanhanasynda Türkmenistanyň we Owganystanyň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Owganystanyň Söwda we senagat ministri H. Rasaw giriş sözi bilen çykyş etdi.

Owganystan boýunça 7-nji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk Maslahaty (RECCA VII) 15-nji noýabrda hem öz işini dowam eder.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi