icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

28 noýabr 2017

1192

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Halkara Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

2017-nji ýylyň 28-nji noýabrynda, halkara maslahatynyň çäklerinde “Oguzkent” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisiniň işine gatnaşmak üçin  Aşgabada gelen Halkara Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnak bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Başlyklyk edýän döwründe bilelikde amala aşyrylan amaly we netijeli işlerini kanagatlanma bilen belläp, taraplar Türkmenistan bilen Halkara Energetika Hartiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar. Taraplaryň energiýa serişdelerini durnukly üstaşyr geçirmegi üpjün etmäge gönükdirilen halkara hukuk mehanizmini döretmäge anyk ädimleri aýratyn bellenildi.

Şoňa görä-de, duşuşyga gatnaşyjylar energiýa göterijileriniň  üstaşyr geçirilmeginiň amaly, kada laýyk we hukuk taraplaryny maslahatlaşdylar, energetika howpsuzlygynyň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşdylar we energiýa göterijileriniň daşalmagynyň ygtybarlylygyny we durnuklylygyny berkitmekde bilelikde hereket etmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Öndüriji ýurtlaryň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň halkara derejesinde özara gatnaşyklarynyň we  tagallalaryň ugurlarynyň zerurlygy nygtaldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi