icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

21 iýun 2018

1702

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Durnukly ösüş üçin suw” ýokary derejeli halkara maslahatynda eden çykyşy

(20.06.2018, Duşanbe, Täjigistan)

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Hanymlar we jenaplar!

Täjigistan Respublikasynyň Prezidentine we Birleşen Milletler Guramasyna bu maslahata gatnaşmaga çakylyk, bildirilen myhmansöýerlik hem-de forumy geçirmek üçin döredilýän ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň!

Hormatly maslahata gatnaşyjylar, dünýäniň ähli halklary üçin suw durmuşyň we bolçulygyň mukaddes çeşmesi hasap edilýär, suw bilen tebigat janlanýar, ümmülmez sähralyklar bolsa gülleýän mekana öwrülýär. Şol sebäpli hem suwuň gymmatyny bilýän ata-babalarymyz suwa sarpa goýup, onuň her bir damjasyny altyn dänesine deňäpdirler. Türkmen halky ýaşaýşyň gözbaşy bolan suwa aýawly çemeleşmek barada “Suw ata, toprak-ene”, “Suw bilen toprak — gülzarlyk, suwsyz — çöllük”, “Suw topragyň bezegi, guw — suwuň bezegi” ýaly köp sanly çuň mazmunly nakyllary döredipdirler.

Şol sebäpli hem suw serişdelerini gorap saklamak we ondan rejeli peýdalanmak meseleleri diňe bir biziň halkymyz üçin däl-de, häzirki zamanyň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Umumydünýä işleriniň barşy, dünýäde berk parahatçylygyň, durnuklylygyň, ösüşiň we abadançylygyň üpjün edilmegi häzirki wagtda suw bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegine köp babatda baglydyr.

Syýasy, ykdysady, durmuş ugurlaryny öz içine alýan suw meselesi halkara derejesinde bir pikire gelinmegini hem-de umumy dünýä garaýyşlar ulgamynda döwletleriň tagallalarynyň birleşdirilmegini talap edýär. Şunda, aýry-aýry bähbitlerden hakykat ýüzünde ählumumy maksatlar, uzak möhletleýin geljek üçin suw babatynda hereketleriň bitewi strategiýasynyň işlenip taýýarlanylmagy ileri tutulmalydyr.

Biziň pikirimizçe, diňe Birleşen Milletler Guramasy bilen Durnukly ösüş maksatlarynyň hem-de BMG-niň “Rio+20” maslahatynda, Tegu şäherinde geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda, beýleki ählumumy halkara duşuşyklarynda kabul edilen maksatnamalaýyn resminamalaryň esasynda ýakyn hyzmatdaşlyk etmek bilen şunuň ýaly wezipeleri çözüp bolar.

Suw serişdelerine deň we adalatly elýeterlilik ýörelgelerine berk ygrarlylyk, onuň adamyň esasy hukugy hökmünde ykrar edilmegi ýörelgeleri bilelikdäki işiň baş şerti bolmagynda galmalydyr. Biziň düşünişimize görä, suwa elýeterlilik hukugynyň we onuň üçin jogapkärçiligiň üpjün edilmegi dünýäniň ähli döwletleri üçin hökmany bolmalydyr.

Şunuň bilen baglylykda, ykdysady iş bilen suw serişdeleriniň aýawly saklanylmagynyň we olaryň netijeli dolandyrylmagynyň arasyndaky deňagramlylygyň saklanylmagy möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Howanyň ählumumy maýlamagy hem-de dürli görnüşli tebigy hem-de tehnogen häsiýetli heläkçilikleriň ýüze çykmagy—bularyň ählisi bütin dünýäniň öňünde durýan meselelerdir. Olara diňe häzirki pursadyň, çäkli milli zerurlyklaryň nukdaý nazaryndan çemeleşilmeli däldir.

Häzirki wagtda töwekgelçilikleriň mümkin boldugyça peseldilmegine gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyň netijeli gurallaryny işläp taýýarlamak möhümdir. Anyk bellenilen, özüňi alyp barmagyň özboluşly tertibi bolup durýan düzgünler zerurdyr, olar ähli döwletleriň bähbitleriniň hasaba alynmagy esasynda işlenip taýýarlanylmalydyr hem-de ozaly bilen adamlaryň zerurlyklary, olaryň adata öwrülen asyrlaryň dowamynda emele gelen durmuş ýörelgeleri bilen şertlendirilmelidir. Suw dünýäniň ähli halklaryna degişli bolan tutuş adamzadyň umumy mirasydyr.

Şunuň bilen baglylykda, suw meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň netijeli usullaryny işläp taýýarlamagyň zerurlygy äşgärdir. Taryhy, tebigy-geografiýa aýratynlyklaryň birnäçesi sebäpli Merkezi Aziýa üçin hyzmatdaşlygyň şeýle görnüşi aýratyn möhümlige eýe bolýar. Suw serişdelerine elýeterlilik, olaryň netijeli dolandyrylmagy biziň sebitimiziň döwletleriniň ösüşine, olaryň ykdysadyýetine, durmuş ulgamyna, halklaryň abadançylygyna hem durmuşynyň hiline gönüden-göni täsirini ýetirýär. Şol sebäpli hem deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, jogapkärçilik suwdan peýdalanmak meselelerinde Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary kesgitleýän binýat goýujy ölçegler bolmalydyr.

Türkmenistan şu garaýyşlardan yzygiderli çykyş etmek bilen, biziň sebitimizde suw meseleleriniň:

—birinjiden, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda;

—ikinjiden, Merkezi Aziýanyň her bir döwletiniň bähbitleri nazara alnyp;

—üçünjiden, halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň işjeň gatnaşmagynda çözülmelidigini hemişe nygtaýar.

Bu biziň üýtgewsiz garaýşymyzdyr hem-de oňa esaslanmak bilen ylalaşykly çözgütleriň işlenip taýýarlanylmagyna gönükdirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda netijeli gepleşikleriň gurallaryny ýola goýmak boýunça işi dowam eder. Merkezi Aziýa üçin suw meseleleri boýunça BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasynyň esaslandyrylmagyň bu ugurda netijeli çäreleriň biri bolup biler, halkara bileleşiginiň hut şeýle hyzmatdaşlykda suw we suw-energetika meseleleriniň çözgüdini tapmakda toplan tejribesiniň netijeli peýdalanylmagynyň mümkindigine ynanýaryn. Sebitiň döwletlerine hem-de BMG-niň Sekretariatyna bu meselä düýpli garamak baradaky teklip bilen ýüzlenýärin.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň işi Merkezi Aziýada suw meseleleriniň örän möhüm ugry bolup durýar. Häzirki wagtda bu Gaznada Türkmenistan başlyklyk edýär. Özünde anyk çäreleriň birnäçesini jemleýän başlyklyk etmegiň Konsepsiýasy düzüldi. Şol çäreleriň hatarynda Aral deňziniň sebitiniň ýurtlaryna kömek bermek, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bitewi ekologiýa maksatnamasy hökmünde daşky gurşawy goramak boýunça hereketleriň Sebit meýilnamasyny ýerine ýetirmek boýunça hereketleriň täze Maksatnamasynyň işlenip taýýarlanylmagyny we kabul edilmegini, beýleki çäreleri görkezmek bolar.

Şu ýyl Türkmenistanda bu gaznany esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitini geçirmek göz öňünde tutulýar, biz onuň jemleri boýunça Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň işini kämilleşdirmek, onuň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin zerur bolan anyk çözgütleriň kabul edilmegine garaşýarys. Şunda biz Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan goldawa we ýardam berilmegine bil baglaýarys.

Durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda Türkmenistanyň Aral deňziniň sebiti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak we Birleşen Milletler Guramasynyň Aral meseleleri boýunça işiniň ýörite ugruny döretmek barada öňe süren başlangyjyny ýatlatmak isleýärin.

Aral meselesine indi içerki, sebit meselesi hökmünde garap bolmajakdygy düşnüklidir. Onuň üstünlikli çözgüdini tapmak üçin häzirki wagtda dünýä bileleşiginiň goldawy, täzeçil toplumlaýyn halkara çemeleşmesi, bu işe BMG-niň işjeň we yzygiderli gatnaşmagy zerurdyr. Milletler Bileleşigini, Merkezi Aziýa ýurtlaryny türkmen tarapynyň teklibini goldamaga hem-de onuň durmuşa geçirilmegine girişmäge çagyrýaryn.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça şu ýylyň 18-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi munuň üçin ygtybarly binýat bolup durýar. Biz suw meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagynyň milli derejede işleriň degişli kadalaryna berk daýanmalydygyndan ugur alýarys. Bular biri-biriniň üstüni ýetirýän, biri-biri bilen berk bagly meselelerdir. Şunda her bir döwletiň öz ornuna we jogapkärçiligine doly derejede göz ýetirjekdigine ynanýaryn.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan dürli pudaklarda milli meýilnamalaryny amala aşyryp, olary Durnukly ösüşiň maksatlarynyň esasyny düzýän ekologiýa ulgamy, hususan-da, suw serişdelerini peýdalanmagy amatlaşdyrmak bilen üýtgewsiz baglaýar. “Suw hakynda” Türkmenistanyň täze Kodeksi suw serişdelerini rejeli peýdalanmagyň, olary aýawly saklamagyň hem-de dikeltmegiň, hapalanmakdan we guramakdan gorap saklamagyň ylmy taýdan esaslandyrylan düzgünlerini işläp taýýarlamak we ulanmak boýunça toplumlaýyn maksatnama üçin esas bolup durýar.

Şeýle hem ýurdumyzda howa täsirlerini ýumşatmak üçin tokaýlary dikeltmek we ýerleri gowulandyrmak boýunça uýgunlaşdyryş çäreleri giňden ornaşdyrylýar. Häzirki wagtda “Gök guşak” giň gerimli umumymilli maksatnamanyň çäklerinde suwarmagyň tygşytlaýjy usullaryny peýdalanmak bilen şäherlerimiziň we ilatly ýerlerimiziň daş-töwereginde tokaý zolaklary döredildi.

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň suwarymly ýerlerinden şor-zeý suwlaryny ýygnamak üçin Garagumyň merkezinde “Altyn asyr” Türkmen kölüni gurmak boýunça iri möçberli taslama amala aşyrylýar. Onuň birinji nobatdakysy 2009-njy ýylda ulanmaga berildi.

Biz üçin bu taslamanyň gymmatlylygy we ähmiýeti nämeden ybarat?

Ozallar meýdanlardan şor suwlar çöle akdyrylýardy, olar uly bolmadyk duzly we hapa kölleri döredýärdi. Şeýle etmek bilen biz ekologiýa ýaramaz täsir ýetirdik. Şol köllerdäki suwlar bolsa, mallar üçin hem, ekinleri suwarmak üçin hem peýdasyzdy. Şeýle batgalyklar çölde köp bolupdy. Olar bir akaba birikdirildi, indi şor suwlar Garaşor diýilýän uly çöketlige akdyrylýar.

Häzirki wagtda, birnäçe ýyl geçenden soň, tebigy biologik işleriň geçirilmegi netijesinde suw kabul ederlik kadalara çenli arassalandy, onda uly möçberde balyklar peýda boldy. El bilen döredilen bu suw howdanynyň — çylşyrymly gidrotehniki ulgamyň gurulmagy möhüm ekologik, ykdysady we durmuş meselelerini üstünlikli çözmäge mümkinçilik berýär.

Olaryň hatarynda oba hojalyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, ýerleri zaýalanmakdan goramak, zeý suwlarynyň basan ýerleriniň müňlerçe gektaryny dolanyşyga gaýtadan girizmek, magistral we hojalygara şor suw akabalarynyň geçýän ýerlerinde duza durnukly oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, öri meýdanlaryny suwlulandyrmak, balyk hojalygyny ösdürmek, suw serişdeleriniň ätiýaçlygyny döretmek işleri bar. Türkmenistanda, şeýle hem tutuş Merkezi Aziýa sebitinde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge, adamlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen bu ägirt uly desganyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygy dowam edýär.

Ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilmegine aýratyn üns berilýär. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda agyz suwuny öndürýän döwrebap zawodlar guruldy we gurulýar, Hazaryň kenarynda bolsa kuwwatly suw süýjediji desgalar bina edildi. Ýurdumyzda ekologiýa gurşawyny gorap saklamak we ösdürmek hem-de dürli ekologiýa we suw taslamalaryny amala aşyrmak üçin her ýyl ýarym milliard dollardan gowrak serişde sarp edilýär.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Türkmenistan häzirki maslahatyň gün tertibine girizilen maksatlary we wezipeleri hemmetaraplaýyn goldaýar. Onuň işiniň netijeleri boýunça kabul ediljek çözgütleriň maksada gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygy, häzirki ýagdaýlary nazara almak bilen, onuň uzakmöhletleýin ugurlaryny kesgitlemek, bu ugurda sebit we ählumumy meýilnamalary bolan suwdan peýdalanmagyň milli maksatnamalaryny utgaşdyrmak boýunça innowasion nusgalary we dolandyryş strategiýalaryny işläp taýýarlamak üçin binýatlaryň birine öwrüljekdigine umyt edýäris.

Öz hyzmatdaşlarymyz bilen hökümet, kanunçykaryjylyk we bilermenler derejesinde ýygjam gatnaşyklara, özara peýdaly tejribeleri alyşmaga, halkara guramalary bilen giňden hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyrys.

Maslahata gatnaşyjylaryň ählisine netijeli işlemegi arzuw edýärin.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi