icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

24 ýanwar 2023

1625

Ermenistanyň Daşary syýasat edarasynda geçirilen duşuşyk

2023-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mnasakan Safarýan bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlary, iki dostlukly döwletiň halkara guramalarynda hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Ermenistanda medeniýet günlerini, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy boýunça çäreleriň geçirilmegi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Ermenistanyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiki mekdebiniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek baradaky meseleleriň üstünde hem durlup geçildi.

Gürrüňdeşler geçen ýylyň sentýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-ermeni toparynyň 9-njy mejlisiniň teswirnamasyndan gelip çykýan wezipeleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi