Hronika

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KARARY

Türkmenistanyň daşary syýasat işiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek, onuň syýasy-hukuk esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, halkara syýasat ulgamynda döwletiň öňünde durýan wezipeleriň netijeli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen, 2022-nji ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy tassyklanyldy.

Dowamy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 7-nji iýulyndaky Permany bilen Maksat Esenowiç Çaryýew Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky (Pariž şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi wezipesine bellenildi.

Dowamy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 7-nji iýulyndaky Permany bilen Maksat Esenowiç Çaryýewe Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi diýen diplomatik dereje berildi.

Dowamy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 7-nji iýulyndaky Permany bilen Hemra Sapargylyjewiç Amannazarow Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky (Wena şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi wezipesine bellenildi.

Dowamy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 7-nji iýulyndaky Permany bilen Hemra Sapargylyjewiç Amannazarowa Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi diýen diplomatik dereje berildi.

Dowamy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KARARY

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 7-nji iýulyndaky Karary bilen Silapberdi Aşyrgeldiýewiç Nurberdiýew, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili we Türkmenistanyň Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň ýanyndaky hemişelik wekili wezipelerinden boşadyldy.

Dowamy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 7-nji iýulyndaky Permany bilen Silapberdi Aşyrgeldiýewiç Nurberdiýew, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky (Wena şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Wengriýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Çehiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Slowakiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Birleşen...

Dowamy