icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

19 dekabr 2016

1014

Sport guramalarynyň Halkara Konfederasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşyk

2016-njy ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Sport guramalarynyň Halkara Konfederasiýasynyň Prezidenti jenap Boris Rogatin bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşugyň dowamynda ýurduň sport syýasaty meseleleri boýunça pikir alyşyldy. Dünýäniň sport äleminde Türkmenistanyň abraýyny ýokarlandyrmak boýunça milletiň baştutanynyň alyp barýan möhüm syýasatyny bellemek bilen, taraplar Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda sport babatynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň barşynda bu sport oýunlarynyň çäklerinde geçiriljek sport ýaryşlarynyň görnüşleri 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň meýilnamasyna girýändigi bellenildi.

2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna we ýurdumyzda geçiriljek beýleki ýokary derejeli sport ýaryşlaryna görülýän işjeň taýýarlyk işlerine garamak bilen, taraplar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sportyň häzirki zaman infrastrukturasyny, hususan-da sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesini gurmak boýunça berýän ägirt uly ünsüni bellediler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi