icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

15 dekabr 2016

1107

Türkmenistanyň DIM-nde “Garaşsyzlygyň 25 ýyllygy: Merkezi Aziýada energetika howpsuzlygy boýunça meseleler” atly bilermenler derejesindäki sebitleýin maslahaty geçirildi

2016-njy ýylyň 14-15-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda “Garaşsyzlygyň 25 ýyllygy: Merkezi Aziýada energetika howpsuzlygy boýunça meseleler” atly bilermenler derejesindäki sebitleýin maslahaty geçirildi.

Maslahat Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan Demirgazyk Atlantika Şertnama Guramasynyň (NATO) Merkezi Aziýa ýurtlary bilen aragatnaşyk we özara hyzmatdaşlyk boýunça edarasynyň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň we Patyşalygyň goranmak meseleleri boýunça birleşen ylmy-barlag institutynyň, RUSI,(Beýik Britaniýa) ýardam bermeginde gurnaldy.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň, Owganystanyň, Hindistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň halkara we milli seljeriş edaralarynyň bilermenleri, Türkmenistanyň aýry-aýry ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri, ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň alymlary we hünärmenleri, Türkmenistanda işleýän käbir Ilçihanalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Maslahatyň bölümler boýunça geçirilen mejlislerinde energetika howpsuzlygy bilen bagly we Merkezi Aziýa ýurtlarynda, Owganystanda, Hindistanda hem-de Pakistanda umumy howpsuzlyk meseleleri boýunça we durnuklylyga salynýan wehimler boýunça tejribe we pikir alyşmak üçin öz wagtyndaky meýdançany döretmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi