icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

16 mart 2019

661

Moskwada Birinji Hazar ykdysady forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Birinji hazar ykdysady forumyna taýýarlygyň çäklerinde, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasy tarapyndan, 2019-njy ýylyň 15-nji martynda GDA agza döwletleriň gatnaşmagynda Moskwada geçirilen “GDA: sanly ykdysadyýet-integrasiýanyň platformasy” atly Halkara ykdysady forumynda Hazaryň türkmen kenarynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy.

18 döwlete wekilçilik edýän Foruma gatnaşyjylar şeýle hem rus we daşary ýurt kompaniýalarynyň, bilermenler bileleşikleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Türkmenistanyň ykdysady, energetika we ulag strategiýalary şeýle-de onuň maýa goýum mümkinçilikleri, ekologiýa ulgamynda hem-de Hazaryň biodürliligini gorap saklamakdaky syýasaty bilen jikme-jik tanyşdyryldy.

Ýygnanlary esasanda, Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagy, hususanda, “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagy, halkara hyzmatdaşlygynyň ylym, ekologiýa, medisina syýahatçylygy ýaly aktual ugurlarynyň mümkinçilikleri gyzyklandyrdy.

Çärä gatnaşyjylar Birinji Hazar ykdysady forumynyň Konsepsiýasy we onuň resmi saýty bilen hem tanyşdyryldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi