icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

20 maý 2019

758

Türkmenistanyň Ilçisi Adygeýa Respublikasyna baryp gördi

2019-njy ýylyň 17-18-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisiniň Adygeýa Respublikasyna iş sapary boldy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Ilçisi Adygeýa Respublikasynyň Baştutany Murat Kumpilow bilen gepleşikler geçirdi. Duşuşygyň barşynda dostlukly we işewür gatnaşyklaryň ösüşi, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.  

Taraplar Türkmenistan bilen Adygeýa Respublikasynyň arasyndaky sosial ulgamdaky, ykdysadyýetdäki we ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklarynyň oňyn ösüşini aýratyn belläp geçdiler. Duşuşykda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk boýunça aýratyn maslahatlaşyldy. Häzirki wagtda Adygeýa Respublikasynyň ýokary okuw jaýlarynda türkmenistanly talyplaryň ýüzlerçesi okaýar.       

Şeýle-de saparyň dowamynda Türkmenistanyň Ilçisi Maýkop döwlet tehnologiki uniwersitetiň edara binasynda Adygeýa Respublikasynyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmenistanly talyp ýaşlar bilen duşuşdy. Talyplar duşuşygyň barşynda okuwy, ýaşaýyş şertleri we boş wagtlary nämeler bilen meşgullanýandygy barada gürrüň berdiler.   

Duşuşykdan soň Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň wekiliýeti Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplarynyň arasynda geçirilen mini-futbol boýunça 10-njy ýubileý ýaryşyna gatnaşdy. Mini-futbol boýunça ýaryşyň ýeňijileri Türkmenistanyň Russiýadaky Ilçihanasynyň adyndan diplomlar we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar.   

Ýaryşdan soňra türkmenistanly talyplaryň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti geçirildi. 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi