icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

21 maý 2019

836

Türkmenistan we Gruziýa dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny giňeldýärler

2019-njy ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Gruzin wekiliýetine türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Gruziýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Aleksandr Hwtisiaşwili ýolbaşçylyk etdi. 

Geňeşmeleriň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we ulag-tehnologiýa ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de iki dostlukly ýurtlaryň abraýly halkara guramalarynyň çäklerindäki özarahereketleri ara anyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda taraplar halkara guramalarynyň ýanyndaky dürli saýlawlaýyn edaralaryna dalaşgärlikleriň özara goldanylmagynyň aýratyn zerurlygyny nygtadylar. Taraplar şeýle hem hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň ýagdaýyna hem-de onuň giňeldilmegi boýunça tekliplere seredip geçdiler. 

Taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň çägindäki söwda meseleleri boýunça Iş toparynyň birinji mejlisini geçirmegiň, şeýle hem birinji Hazar ykdysady forumynyň işine gruzin tarapynyň işjeň gatnaşmagynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar Türkmenistanyň we Gruziýanyň dürli formatdaky gatnaşyklara wajyp ähmiýet berýändiklerini belläp geçdiler we iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasyndaky özarabähbitli gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine özleriniň gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Şunuň bilen baglylykda taraplar dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň depginli ösüşini belläp geçmek bilen, özara işewürlik forumlarynyň geçirilmegi hakyndaky tekliplerini berdiler.    

Gepleşikleriň barşynda bellenilip geçilişi ýaly, gruzin tarapy döredilen ähli şertleriň nazarda tutulmagy bilen logistika ulgamynda özarabähbitli gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň zerurlygyny aýratyn belläp geçdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi