icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

23 iýun 2019

771

Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystan Respublikasynda iş saparynda boldy

2019-njy ýylyň 23-nji iýunynda Kazan şäherinde, Russiýa Fedrasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen baran Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Ondan soňra iki ýurduň wekiliýetleriniň arasynda giňeldilen düzümdäki duşuşyk hem geçirildi. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynyň meselelerine garaldy hem-de hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alyp maslahatlaşyldy.

Soňra Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasynda resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Dabaranyň barşynda «Kamaz» kysymly awtoulag tehnikalaryny getirmek we olara geljekde hyzmat etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga, «Türkmennebit» döwlet konserni bilen W.D.Şaşin adyndaky «Tatneft» jemagat paýdarlar jemgyýetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama,Türkmenistanyň himiýa pudagyny ösdürmek taslamalary boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama hem-de Türkmenistanyň we Tatarystanyň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça degişli resminamalara gol çekildi.

Soňra Döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki awtoulag kerweni «Sabantuý» tatar milli baýramçylyk dabaralarynyň geçirilýän ýerine – Kazan şäheriniň Mirnyý (Мирный) etrabynyň Berýozaly meýdançasyna ugrady we ol ýerde iki ýurduň medeniýet hem-de sungat ussatlarynyň çykyşlaryna tomaşa etdiler. Ondan soň Prezidentler Türkmenistanyň hem-de Tatarystanyň sergilerine tomaşa etdiler.

Sergi bilen tanyşlykdan soň, iki ýurduň Baştutanlary «Sabantuý» tatar milli baýramçylygynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar we söz sözlediler. Amfiteatrdaky baýramçylyk dabaralary tamamlanandan soňra Döwlet Baştutanlary ýörite gurnalan tatar milli öýünde bilelikdäki günortanlyk naharyna gatnaşdylar.

Resmi nahar tamamlanandan soň,  iki ýurduň Prezidentleriniň awtoulag kerweni Kazan şäheriniň halkara menziline bardy we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystanyň Prezidenti bilen mähirli hoşlaşyp, Aşgabat şäherine ugrady.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi