icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

24 iýun 2019

685

Türkmenistanyň DIM-de ÝUNISEF-iň täze wekili bilen duşuşyk

2019-njy ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanda öz missiýasyna başlaýan ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky täze bellenilen wekili hanym Kristina Weýgand bilen duşuşyk geçirildi.

Hanym Kristina Weýgandy jogapkärçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, türkmen tarapy çagalaryň hukuklary bilen bagly ähli ulgamlarda bilelikde hereket etmäge hem-de goldamaga taýýardygyny beýan etdi. Öz gezeginde, Kristina Weýgand, mähirli arzuwlary üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösüşiniň netijeliligini belläp, taraplar çagalaryň meseleleri boýunça gatnaşyklary geljekde ösdürmekde meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hanym Weýgand köpýyllyk özara bähbitli hyzmatdaşlyk, Türkmenistanda 2018-2022-nji ýyllar döwri üçin çaganyň hukuklaryny amala aşyrmak boýunça hereketleriň Milli meýilnamasynyň kabul edilmegi, şeýle hem döwlet býujetinden sanjymlary we uny premix bilen baýlaşdyrmaga köpýyllyk maliýeleşdirýändigi üçin  Türkmenistanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi