icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

19 sentýabr 2019

571

Owganystanyň Ilçisi özüniň Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýar

2019-njy ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň biziň ýurdumyzdaky diplomatik wezipesini tamamlaýan Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mirwaýs Nab bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-owgan gatnaşyklarynyň sazlaşykly pugtalandyrylýandygyny belläp geçdiler. Diplomatlar syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Ilçi Mirwaýs Nab özüniň ýurtdaky diplomatik işini durmuşa geçirmekde beren kömegi üçin türkmen tarapyna minnetdarlygyny bildirdi, şeýle hem Owganystandaky ýagdaýlaryň parahatçylykly ýollar arkaly kadalaşdyrylmagyna hem-de onuň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine Türkmenistan tarapyndan ähmiýetli goşant goşulýandygyny belläp geçdi. 

Duşuşyga şeýle-de Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi H.Öwezow hem gatnaşdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi