icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

11 oktýabr 2019

533

Türkmenistanyň hemişelik wekili bilen BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowaýanyň duşuşygy

2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Ženewada Milletler köşgünde Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili bilen täzeden wezipä bellenilen BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowaýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Ilkinji nobatda, Türkmenistanyň hemişelik wekili Türkmenistanyň baştutanynyň adyndan onuň möhüm diplomatiki wezipa bellenilmegi mynasybetli hoşallyk we gutlag sözlerini aýtdy.

Gepleşigiň dowamynda Baş direktor Baş Assambleýanyň 74-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary bilen tanyşdyryldy, şol sanda, bitaraplyk, parahatçylyk we ynanyşmak, öňüni alyş diplomatiýasy, durnukly ösüş bilen bagly meseleler hem-de ulag, ekologiýa, bosgunlar we raýatsyzlygy ýok etmek ýaly ynsanperwer meseleleri ulgamlaryndaky başlangyçlar we bitirilen işler bilen tanyşdyryldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi