icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

16 noýabr 2019

616

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

2019-njy ýylyň 15-16-njy noýabry aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynda iş saparynda boldy.

Daşkent şäherinde geçirilen duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň baştutanlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, energetika we ulag howpsuzlygy, maýa goýum ýagdaýynyň kämilleşdirilmegi, ekologiýany gorap saklamak ýaly halkara gün tertibiniň möhüm ugurlarynyň üstünde hem durlup geçildi.

Taraplar sebitde ykdysady ösüşi, durnuklylygy we howpsuzlygy saklamak üçin strategiki hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçiligine seredip geçdiler. Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň geljekki maslahatyna taýýarlyk görmek meselelerini aýratyn nygtadylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri öz çykyşynyň dowamynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgeleri bilen esaslandyrylan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň utgaşdyrylan hyzmatdaşlygynyň möhümdigini hem-de bu sebitiň geosyýasy, ykdysady we ulag-logistiki mümkinçilikleriniň ähmiýetini belledi.

Şeýle-de taraplar gönüden-göni tutuş Ýewraziýa yklymynyň ösüşine täsir edýän, sebitiň hemmetaraplaýyn kämilleşdirilmegine gönükdirilen bilelikdäki alyp barýan işlerini dowam etmek barada ylalaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi