icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

18 noýabr 2019

699

Türkmenistan bilen Migrasiýa boýunça Halkara guramanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk berkeýär

2019-njy ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Migrasiýa boýunça halkara guramanyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy, guramanyň Gazagystandaky, Gyrgyz Respublikasyndaky, Türkmenistandaky we Özbegistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçysy Zeýnal Hajiýew bilen duşuşyk geçirildi.   

Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Migrasiýa boýunça halkara guramanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda bilelikdäki meýilnamalaryň amala aşyrylyşy we 2020-nji ýyl üçin maksatnamalaryň işlenip düzülişi barada pikir alyşdylar. Şular ýaly halkara ýagdaýlaryň we garşylyklaryň bolýan döwründe, migrasiýa boýunça umumyadamzat meseleleri çözmek, şol sanda adatdan daşary ýagdaýlarda migrantlara ýardam bermek, şeýle-de adam söwdasynyň öňüni almak maksatly hereketleriň utgaşdyrylmagynyň zerurdygy barada bellenip geçildi. Şeýle hem halkara derejedäki, şol sanda howpsuz, düzgünleşdirilen we kanuny migrasiýa barada Global şertnama babatdaky gatnaşyklaryň netijeliligi bellenildi.       

Taraplar migrantlara we raýatlygy bolmadyk adamlara goldaw babatdaky Türkmenistanyň wajyp başlangyçlary hakynda gürrüň etdiler. Halkara bilermenleriň gatnaşmagynda ýörite okuw sapaklarynyň we okuw maslahatlarynyň geçirilmeginiň möhümdigi barada bellenip geçildi. Taraplar migrasiýa boýunça halkara hyzmatdaşlygyň geljekde ösdürilmegine umyt bildirdiler.      

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi