icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

03 dekabr 2019

622

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Katar Döwletiniň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2019-njy ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mubarak Abdurrahman Mubarak Al-Nasr bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda taraplar özara hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgelerinde esaslandyrylan iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşini kanagatlanma bilen bellediler. Syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň wajyp ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem taraplar ýokary derejeli saparlaryň we iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmegiň ähmiýeti babatynda pikir alyşdylar.

Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady ulgamyndaky bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-katar Hökümetara toparynyň möhüm ähmiýeti barada aýdylanda, taraplar söwda öýlerini döretmek hem-de sergileri we ýarmarkalary geçirmek boýunça tekliplere seretdiler.

Mundan başga-da, medeniýet, bilim we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada hem durlup geçildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi