icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

06 dekabr 2019

537

Brýusselde Türkmenistan – ÝB Parlamentara mejlisi geçirildi

2019-njy ýylyň 2-nji dekabrynda Brýusselde 5-nji Türkmenistan – ÝB Parlamentara mejlisi geçirildi, oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilçilikli wekiliýeti gatnaşdy.

Parlamentara mejlisiniň iş sessiýasyna Ýewropa Parlamentiniň wekiliýetiniň ýolbaşçysy F.Martuşiýello hem-de türkmen wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar. Taraplar ileri tutulýan taslamalaryň hem-de strategiýalaryň çäklerinde taraplaryň köpugurly hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda milli kanunçylyk ulgamynyň kämilleşdirilmegi, parlamentleriň işindäki häzirki zaman oňyn dünýä özgertmeleriniň öwrenilmegi we olaryň milli derejede sazlaşykly ornaşdyrylmagynyň gazanylmagy giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň dowamynda ykdysady we durmuş ulgamyndaky özgertmeler, raýat jemgyýeti hem-de adam hukuklary ulgamynda hemmetaraplaýyn özarahereketleri giňeltmegiň meselelerine seredilip geçildi.

Şeýle-de ÝB-niň Merkezi Aziýa üçin täzelenen Strategiýasynyň maksatlaryna we wezipelerine aýratyn üns berildi. Sebit derejesinde howpsuzlygyň üpjün edilmegi, Owganystandaky ýagdaýlar, terrorçylyga we ähli ýüze çykmalarynda ekstremizme hem-de neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna garşy göreşmek ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn temasy boldy.

Taraplar şeýle-de energetika we ulag ulgamyndaky sebitleýin infrastruktura taslamalary bilen birlikde ekologiýa syýasatynyň meselelerine hem seredip geçdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi