icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

21 ýanwar 2020

798

Budapeşt şäherinde Türkmen-Wenger işewürlik maslahaty geçirildi

2020-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Wengriýanyň Budapeşt şäherinde Türkmen-Wenger bilelikdäki toparynyň nobatdaky mejlisiniň dowamynda işewürlik maslahaty geçirildi.

Türkmen-wenger işewürlik maslahaty Wengriýanyň eksporty ösdürmek boýunça agentligi, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan guraldy.

Forumyň dowamynda iki tarapyň topar ýolbaşçylarynyň hem-de Wengriýanyň bank ulgamynyň şeýle hem hususy kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň çykyşlary diňlenildi.

Forumyň işine türkmen we wenger tarapynyň onlarça telekeçileri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Wengriýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň wekilleri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirdiler.

Budapeşt şäherinde geçirilen işewürlik maslahatynyň dowamynda türkmen we wenger telekeçileriň arasynda towuk önümlerini Türkmenistana getirmek boýunça tajirçilik ylalaşyklaryna gol çekildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi