icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

22 ýanwar 2020

1056

Wengriýada Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-wenger toparynyň dördünji mejlisi geçirildi

2020-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Wengriýanyň Budapeşt şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-wenger toparynyň dördünji mejlisi geçirildi.

Toparyň işine iki döwletiň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de işewürlik toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerine, aýratyn hem sanly ykdysadyýetiň ösdürilmeginiň, köpugurly ykdysady we medeni-ynsanperwer özarahereketleri giňeltmegiň mümkinçiliklerine seredip geçdiler. Şeýle-de senagat, ulag, kommunikasiýalar, bilim, saglygy goraýyş we hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlaryndaky köpugurly gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň jemleri boýunça taraplar toparyň bäşinji mejlisini 2021-nji ýylda Türkmenistanda geçirmek barada ylalaşyk gazandylar.

Toparyň işiniň çäklerinde türkmen-wenger işewürlik forumy geçirildi. Foruma onlarça türkmen we wenger telekeçileri gatnaşdylar, şeýle-de wenger kompaniýalarynyň wekilleriniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň ençemesi geçirildi.  

Toparyň mejlisiniň jemleri boýunça birnäçe ylalaşyklara hem-de toparyň dördünji mejlisiniň teswirnamasyna gol çekildi, şonuň ýaly-da geljek döwür üçin döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi