icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

26 fewral 2020

846

Aşgabatda Ýewraziýa toparynyň çäklerinde ÝHHG-niň okuw maslahaty öz işine başlady

2020-nji ýylyň 26-njy fewralynda Aşgabatda «Ýewraziýa toparynyň (ÝAT) özara baha bermäge milli derejede taýýarlyk: ÝHHG-niň döwletleriniň iň gowy tejribeleri» atly üç günlük okuw maslahaty öz işine başlady.

Çärä Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň, şol sanda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň, Merkezi bankynyň we Statistika baradaky döwlet komitetiniň wekilleri gatnaşýarlar. Şeýle-de gatnaşyjylaryň arasynda hususy pudagyň we täjirçilige dahylly däl guramalaryň wekilleri hem bardyr. Okuw maslahatyny geçirmek maksady bilen Aşgabada ÝHHG-niň halkara bilermenleri geldiler.

Çäräniň birinji gününde taraplar kanunçylygyň FATF (Pul serişdeleriniň bikanun alynmagyna garşy göreşmek boýunça maliýe çäreleriniň işlenilip düzülmegi boýunça Halkara topary) standartlaryna tehniki taýdan laýyklygy, degişli töwekgelçiliklere düşünmek, edara görnüşli taraplaryň we guramalaryň aýdyňlygy, maliýe ulgamynda gözegçilik ýaly meseleler bilen birlikde FATF usulyýeti boýunça özara baha bermegiň prosesine seredip geçdiler.

Maslahatyň beýleki günlerinde oňa gatnaşyjylar jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyny, maksatlaýyn maliýe sanksiýalaryny, şeýle hem kesgitlenen maliýe dahylly däl kärhanalaryň we hünärleriň ulgamyndaky gözegçilik ýaly ugurlary ara alyp maslahatlaşarlar.

Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça Ýewraziýa toparynyň Türkmenistanyň milli ulgamyna özara baha bermek çäresini geçirmäge taýýarlyk görmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekendigini, resminama laýyklykda taýýarlyk görmek boýunça Pudagara toparynyň döredilendigini bellemek zerur bolup durýandyr.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi