icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

16 sentýabr 2016

1966

Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahata bagyşlanan media-forum öz işine başlady

2016-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahata bagyşlanan media-forum öz işine başlady. Bu forumyň işine 10 sany halkara guramalarynyň wekilleri, şeýle hem dünýäniň 30-a golaý ýurdundan 65 sany habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýar.

Forumyň birinji bölüminde Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş umman boýunça Ykdysady we Sosial komissiýasynyň (ESKATO), Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE), Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU), Halkara deňiz guramasynyň (MMO) we Demirýol hyzmatdaşlyk guramasanyň (OSJD) wekilleri çykyş etdiler.

Maslahatyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar möhüm meseleleriň birnäçesi, hususan-da, ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny döretmek barada, häzirki wagtda halkara ulag guramalary tarapyndan bütin dünýäde halkara ulag geçelgelerini giňeltmek üçin guramaçylyk we hukuk taýdan edilýän işler barada pikir alyşdylar.

Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahata bagyşlanan media-forum öz işini dowam edýär.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi