icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

11 awgust 2020

786

Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2020-nji ýylyň 11-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Widhu Peethambaran Nair bilen duşuşygy geçirildi.

Mähirli salamlaşanlaryndan soňra, taraplar Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeň ösdürilýändigi barada bellediler. Soňra Hindistan Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Diplomatlar syýasy-diplomatik we ykdysady ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna seredip geçdiler. Halkara guramalaryň, hususan-da Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde alnyp barylýan netijeli gatnaşyklar barada aýratyn pikir alşyldy. Ýola goýlan önjeýli dialogy mundan beýläk hem ösdürmekde özara gyzyklanmalaryny belläp, taraplar saglygy goraýyş, bilim, energetika we ulag ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alnyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar döwletara TOPH gazgeçirijisiniň ähmiýeti barada nygtadylar.

Mundan başga-da, taraplar iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary geljekde hem işjeňleşdirmekde medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň orny barada belläp geçdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi