icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

23 mart 2017

1048

Aşgabatda türkmen-gyrgyz syýasy geňeşmeleri geçirildi

2017-nji ýylyň 23-nji martynda Aşgabat şäherinde iki ýurduň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde Türkmenistanyň we Gyrgyz Republikasynyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyry geçirildi.

Geňeşmeleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna we syýasy, söwda-ykdysady, medeni-gumanitar çygyrlaryndaky mümkinçiliklerine seljerme berildi. Taraplar özara bähbtli hyzmatdaşlygyň netijeli ösüşini kanagatlanma bilen bellediler we yzygiderli geçirilýän syýasy geňeşmeleriň türkmen-gyrgyz hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň ilerledilmegine ýardam edýän möhüm gurallaryň biri bolup durýandygyny belläp geçdiler. Şol bir wagtda iki ýurt tarapyndan ýokary derejede, şeýle hem iki döwletiň ministrlikleriniň we edaralarynyň arasynda  alnyp barylýan syýasy gatnaşyklar özaragatnaşyklaryň esasy bolup durýar.

Duşuşygyň çäginde taraplar sebitleýin howpsuzlyk, suw, energetika, ulag-logistika we aragatnaşyk ulgamlarynda hyzmatdaşlyk meselelerine üns berdiler. Şeýle hem, Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak bilen, söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmegiň meselelerine garaldy.

Şu ýyl iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna 25 ýyl dolýandygyny belläp, taraplar bu waka mynasybetli medeni çärelerini geçirmek boýunça ençeme teklipleri beýan etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda gyrgyz tarapy 2016-njy ýylda Gyrgyz Republikasynda geçirilen Çarwalaryň bütindünýä oýunlaryna işjeň goşandy üçin Türkmen tarapyna minnetdarlygyny bildirdi we 2017-nji ýylyň 17-27-nji sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek  Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna iri sport wekiliýetini iberiljekdigi barada habar berdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi