icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

28 mart 2017

1006

Aşgabatda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-slowen toparynyň ikinji mejlisi geçirildi

2017-nji ýylyň 27-nji martynda Aşgabatda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-slowen hökümetara toparynyň ikinji mejlisi geçirildi. Toparyň slowen bölegine Sloweniýa Respublikasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri j-p Karl Erýawes ýolbaşçylyk etdi. 

Mejlise iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, şeýle hem iki ýurduň işewür düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlaryny gurşap alýan meseleler girizildi.

Türkmenistanyň we Sloweniýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýynyň seljermesiniň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer  ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň işjeň ösüşi bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar 2015-nji ýylyň 26-nji ýanwarynda geçirilen Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-slowen toparynyň birinji mejlisiniň we 13-14-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Sloweniýa Respublikasyna resmi saparynyň netijelerinde gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň gidişini ara alyp maslahatlaşdylar. Ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda söwda, aragatnaşyk, telekommunikasiýa, ulag, ýük daşamak, oba hojalyk we azyk senagaty pudaklary görkezildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň sport pudagyndaky başlangyçlaryny belläp, taraplar bu ugurdaky hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berdiler.

Tasraplar gatnaşyklaryň medeni-ynsanperwer  düzüjisini ara alyp maslahatlaşyp, syýahatçylyk, ylym we bilim çygyrlarynda hyzmatdaşlyk etmek meýillerini beýan etdiler.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hökümetara türkmen-slowen toparynyň nobatdaky mejlisiniň jemleri boýunça Teswirnama gol çekildi we geljekki döwürdäki döwletara hyzmatdaşlygynyň öňdebaryjy ugurlary bellenildi.

Mejlisiň işiniň çäginde Türkmenistanyň we Sloweniýa Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn tagallalaryň netijesinde türkmen-slowen gatnaşyklarynyň möçberini yzygiderli ösdürmäge, dürli ugurdaky özara gatnaşyklaryna çykmaga ymtylýandygy aýratyn bellenip geçildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi