icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

30 oktýabr 2020

800

Ykdysady hyzmatdaşlyk – Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Halkara Forumynda ileri tutulýan ugur

Öň hem bellenilip geçilişi ýaly, 30-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysady hyzmatdaşlygyň ara alnyp maslahatlaşylmagy üçin netijeli meýdança öwrülen Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Halkara Forumyna gatnaşyjylara wideoýüzlenme bilen çykyş etdi.

Öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti ykdysady hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýasynyň wajyplygyny nygtady. Bu dünýädäki söwda-ykdysady gatnaşyklara ýiti täsir eden häzirki global pandemiýa döwründe has hem derwaýys häsiýete eýe boldy. Döwlet Baştutany energetika, ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmeginiň we ösdürilmeginiň, ýewraziýa ykdysady hyzmatdaşlygynyň önümçilik tapgyrlarynyň we senagat guşaklyklarynyň özara baglanşyklylygyny kemala getirmegiň ähmiýetini belläp geçdi. Türkmenistanyň birek-birege hormat goýmak, açyklyk we özara gyzyklanmalaryň nazarda tutulmagy ýörelgelerine kybap gelýän işjeň halkara hyzmatdaşlygynyň durmuşa geçirilmegi ugrunda çykyş edýändigini nygtamak zerurdyr.  

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasy bilen söwda-ykdysady ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň depginine ýokary baha berdi. Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, «Koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda üstünlikli tamamlanan strategiki taslamalaryň hatarynda ýurdumyzda tebigy gazy kükürtden arassalaýan zawodyň gurluşygyny, polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça gazhimiýa toplumynyň desgasyny, ýol hereketiniň howpsuzlygy ulgamynyň gurluşyny we maslahat beriş hyzmatyny, Koreýanyň bütin dünýäde meşhur kompaniýalary tarapyndan öndürilýän awtomobil tehnikalaryny ibermegiň durnukly ulgamynyň döredilmegini agzap bolar».

Prezident şonuň ýaly-da, telekommunikasiýa we älem ulgamlarynda, suwdan peýdalanmakda, hususan-da deňiz suwuny süýjetmek babatda taslamalary durmuşa geçirmekde bilelikde işlemek üçin uly geljegiň bardygyny aýratyn belledi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi