icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

19 aprel 2017

2643

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary

2017-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iki günlük döwlet saparyna ugrady. Iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Gazagystan Respublikasynyň paýtagtynyň Halkara howa menzilinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy kabul edýän tarapyň resmi adamlary we Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary garşyladylar. Howa menzilinden Türkmenistanyň Baştutanynyň awtoulag kerweni Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň “Akorda” köşgüne tarap ugrady.

Döwlet Baştutanymyz Gazagystanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyryldy. Soňra Prezident Nursultan Nazarbaýew ýurdumyzyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdy. Hormat garawulynyň başlygy dabaraly hasabat berýär. Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Döwlet baýdagyna baş egýär. Iki ýurduň Liderleri hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçýärler.

Resmi garşylamak dabarasy tamamlanandan soň, Prezident Nursultan Nazarbaýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy “Akorda” köşgüniň “Altyn zalyna” çagyrýar. Bu ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, bu ýerde ýokary derejedäki ikiçäk görnüşde türkmen-gazak gepleşikleri geçirildi.

Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde, iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi.

Giňişleýin düzümde geçirilýän gepleşiklerde çykyş etmek bilen Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň we Gazagystanyň ählumumy parahatçylygy hem-de durnuklylygy saklamak we oňa goldaw bermek, halkara terrorçylygynyň, ekstremizmiň wehimlerine garşy durmak, Owganystandaky ýagdaýy parahatçylyk serişdeleri bilen kadalaşdyrmak ýaly möhüm meseleler boýunça garaýyşlary birdir diýip belledi.

Ekologiýa meselesi boýunça özara gatnaşyklar ikitaraplaýyn bolşy ýaly, halkara derejesindäki hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Ýurtlaryň ikisi hem Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň işiniň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyny we kämilleşdirilmegini nazarlaýar. Gaznada başlyklyk ediji ýurduň borçnamalaryny kabul etmek bilen, Türkmenistan degişli Konsepsiýany işläp taýýarlady. Onda agza döwletleriň bilelikdäki işiniň möhüm meýilnamalary beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan bilen ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýuljakdygyna ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti öz çykyşynda iki ýurduň ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy olaryň üstünlikli ykdysady ösüşinde, ählumumy gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagynda möhüm orun eýeleýär, diýip belledi. Gazagystan-Türkmenistan-Eýran ugry boýunça demir ýoluň gurulmagy onuň anyk netijeleriniň biridir. Bu demir ýol häzirkizaman ulag düzüminiň kemala getirilmeginiň möhüm bölegine öwrüldi we Merkezi Aziýa hem-de goňşy sebitleriniň ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady we söwda gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga, uzak geljek üçin sebitara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine mümkinçilik berer diýip Türkmenistanyň baştutany sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gazagystanly kärdeşini şu ýylyň 17-nji sentýabrynda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryň açylyş dabarasyna gelmäge çagyrdy.

Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Iki döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara topar hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Gizlin maglumatlary özara goramak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2017-2018-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna; Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmaga we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy göreşmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Maliýe ministrliginiň arasynda Ylalaşyga; Aşgabat şäheri bilen Astana şäheriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda Aşgabat şäheriniň häkimligi (Türkmenistan) bilen Astana şäheriniň akimatynyň (Gazagystan Respublikasy) arasynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) bilen “Kazinform” halkara habarlar agentligi” jogapkärçiligi çäklendirilen şereketiniň arasyndaky Ähtnama; Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Gazagystan Respublikasynyň Telekeçileriniň “Atameken” milli edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga gol çekildi.

Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Nursultan Nazarbaýew Bilelikdäki Beýannama, Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda strategiki hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnama hem-de Türkmen-gazak döwlet serhedinde demarkirlemek işlerini geçirmek hakynda Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky Ylalaşyga gol çekýärler.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki ýurduň Liderleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gepleşikleriň netijeleri barada aýdyp, ählumumy parahatçylygy we durnuklylygy saklamak, oňa goldaw bermek, halkara terrorçylyk howplaryna, ekstremizme, neşeleriň dolanyşygyna garşy durmak ýaly möhüm meseleler boýunça iki ýurduň çemeleşmeleriniň umumydygyny tassyklady. Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda Hazar deňzinde bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerindäki ýakyn gatnaşyklar dowam etdiriler. Energetika we ulag ulgamlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarydyr. Türkmenistan we Gazagystan yklymda energiýa serişdeleriniň önümçilik möçberleri boýunça öňdäki orunlary eýeleýär. Iki döwlet döwrebap düzüme eýe bolmak bilen, Ýewropada we Merkezi Aziýada energetika hem-de ulag akymlarynyň işjeňleşmegine bolan umumy garaýyşlar beýan edildi. Milli Liderimiz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, iki ýurduň arasynda medeni, ynsanperwer, ylym, bilim we sport gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmek hakynda ylalaşyk gazanylandygyny habar berdi.

Agşam belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti “Akorda” köşgünde resmi agşamlyk naharyny berdi. Onda iki döwletiň Baştutanlary söz sözlediler.

Dabaraly kabul edişligiň barşynda Gazagystanyň Lideri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge, iki halkyň arasyndaky gadymdan gelýän dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem-de ählumumy parahatçylygy we ylalaşyklylygy üpjün etmek işine, netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ägirt uly goşandyny nygtap, Türkmenistanyň Baştutanyny Gazagystan Respublikasynyň döwlet sylagy – I derejeli “Dostyk” ordeni bilen sylaglamak barada çözgüdiň kabul edilendigini habar berdi.

Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Prezident Nursultan Nazarbaýew türkmen kärdeşine bu ýokary we hormatly sylagy hem-de degişli şahadatnamany gowşurdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň Baştutanyna bildirilen hormat-sarpa üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu ýagdaýy iki ýurduň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň barha berkeýändiginiň aýdyň subutnamasy hem-de Türkmenistanyň parahatçylyksöýüjilikli bitarap daşary syýasatyna berlen ýokary baha, tutuş türkmen halkyna ýokary sylag hökmünde kabul edýändigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary dowam edýär.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi