icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

20 aprel 2017

1207

Türkmenistanyň DIM-nde Serbiýa Respublikasy bilen syýasy geňeşmeler geçirildi

2017-nji ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Serbiýa Respublikasynyň arasynda Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Myhmanlaryň wekiliýetine Serbiýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary jenap Goran Aleksiç baştutanlyk etdi.

Geňeşmeleriň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar iki ýurduň arasyndaky şertnama-hukuk binýady kämilleşdirmek üçin Daşary işler ministrlikleriň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmegiň wajypdygyny bellediler.

Taraplar özara ynanyşmak we hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklary giňeltmeklige ygrarlydyklaryny aýdyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ulgamlaýyn we yzygiderli ösdürmegiň berk binýady bolup hyzmat edýän ýokary derejelerdäki saparlaryň möhüm ähmiýetini tassykladylar.

Geňeşmeleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Serbiýaniň kärhanalarynyň, şereketleriniň we telekeçileriniň arasynda gurluşyk, oba hojalygy we dokma senagatynda özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri barada özara pikir alyşdylar. Ylym, bilim we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri babatynda taraplar bu ugurlarda gatnaşyklary ösdürmeklige taýýardyklaryny aýan etdiler.

Günüň ikinji ýarymynda Serbiýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Taraplar syýasy gepleşikleri pugtalandyrmak we halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi