icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

20 aprel 2017

1148

Tbiliside Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

2017-nji ýylyň 20-nji aprelinde Gruziýanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda daşary işler ministriniň orunbasarlary derejesinde syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyry geçirildi.

Geňeşmeleriň dowamynda taraplar häzirki ýagdaýa we syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ösüşiniň bähbitli ugurlaryna seljerme berdiler.  Energetika we ulag meselelerine aýratyn üns berildi.

Taraplar ylym-bilim, medeniýet, syýahatçylyk we sport ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeň ösüş depginini kanagatlanma bilen bellediler. Gruzin tarapy 2017-nji ýylyň 17-27 sentýabry aralygynda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi ýurtlaryň arasynda dostlugyň we hyzmatdaşlygyň pugtalanmagyna, sporty we sagdyn durmuş ýörelgesini ýaýmaga itergi berjekdigini belläp geçdi.

 2017-nji ýylda taraplaryň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 25 ýyl dolýandygyny belläp, taraplar bu waka mynasybetli medeni çäreleri geçirmek boýunça öz tekliplerini beýan etdiler.

Taraplar yzygiderli syýasy geňeşmeleriň geçirilmeginiň zerurlygyny belläp, ikitaraplaýyn tagallalarryň netijesinde türkmen-gruzin gatnaşyklary yzygider ösüşe dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerine gönükdirilendigini aýtdylar.

Iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Gruziýanyň Daşary işler ministri M. Janelidze bilen duşuşygy boldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi