Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň Türkmenistana sapary

Aşgabada iki günlük sapar bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhammad Jawad Zarifiň ýolbaşçylygyndaky eýran hökümet wekiliýeti geldi.

Şu gün, 8-nji aprelde Eýranyň daşary syýasy edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi.

Soňra Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministrlikleriň arasynda geňeşmeler geçirildi. Ministr Muhammad Jawad Zarif sapary guramagyň ýokary derejesi üçin türkmen tarapyna — Daşary işler ministri Raşid Meredowa minnetdarlyk bildirdi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar syýasy-diplomatik ugur boýunça, şeýle-de söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky türkmen-eýran gatnaşyklary bilen bagly meseleleriň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar.

Iki döwletiň DIM-leriniň arasynda hyzmatdaşlyk aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Sebit we halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Gurmasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Gurmasynyň çäklerindäki özara hereketlere seredildi. Sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmakda garaýyşlaryň meňzeşligi bellenildi. Owganystandaky ýagdaýlar boýunça pikir alşyldy.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly babatda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjynyň ähmiýeti nygtaldy. Eýran tarapy şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän parahatçylyga we ynanyşmaga bagyşlanan Halkara maslahata gatnaşmaga çagyryldy.

Hereket edýän hukuk resminamalaryna syn bermek bilen birlikde, Hazar deňziniň meseleleri hem-de Altynjy Hazar Sammitine görülýän taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Agzalan ugur boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda özara gyzyklanma bildirildi.

Gepleşikleriň netijesi boýunça iki döwletiň Daşary işler ministrleri “Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2021-2022-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna” gol çekdiler.