icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

28 aprel 2017

899

Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk assosiýasiýasynyň VII mejlisi öz işine başlady

2017-nji ýylyň 27-nji aprelinde Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halkara ahalteke atçylyk assosiýasiýasynyň VII mejlisi öz işine başlady.

Oňa ýurdumyzyň hökümet agzalary, daşary ýurtlaryň hem-de ýurdumyzyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary, atçylyk pudagynyň işgärleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmen bedewiniň baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilýän maslahatlarda assosiasiýanyň işiniň ýyllyk netijeleri we onuň geljekki meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşylýar. Hünärmenleriň yzygiderli guraýan duşuşyklary hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň işlenip taýýarlanmagyny şertlendirýär we onuň üstüni täze mazmun bilen ýetirip, bilelikdäki taslamalar, möhüm başlangyçlar we işewür gatnaşyklar bilen üstüni ýetirýär.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasyýasynyň mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilelikdäki işiň ösmegine ägirt uly goşant goşandyklary üçin assosiasiýanyň daşary ýurtly agzalary Blank de Toledo Loma Osorio, Eloiza Anemon Flawiýa Žirardä, Bakturdy Ibadullaýewe Türkmenistanyň döwlet sylaglaryny gowşurdy.

Döwlet Baştutanymyz sylaglananlary gutlap, ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki şöhratynyň belende galmagy, olaryň arassa ganlylygynyň ösdürilmegi ugrunda alyp barýan yhlasly zähmetleri üçin minnetdarlyk bildirdi we hemmelere jan saglyk, işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Halkara epizotik býurosynyň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin direktory Kazimiras Lukauskas hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanda at keselinden azat zolagy döretmek hakyndaky sertifikaty gowşurdy.

Döwlet Baştutanymyz jenap Lukauskasa we onuň üsti bilen mallaryň saglygyny goramak baradaky Bütindünýä guramasynyň Ýolbaşçy Geňeşine Türkmenistanyň at keselinden azat zolak derejesine eýe bolandygyny tassyklaýan sertifikatyň gowşurulandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Bu sertifikat Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň çäklerinde atçylyk sporty boýunça bäsleşigi geçirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Onuň maksatnamasyna milli Liderimiziň başlangyjy boýunça konkur ýaryşy girizildi.

Hadkara atçylyk sport federasiýasynyň baştutany Ingimar De Wos hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanda atçylyk sport pudagyny ösdürmäge goşan ägirt uly goşandy üçin Halkara atçylyk sport federasiýasynyň Kubogyny we medalyny gowşurdy.

Halkara atçylyk sport federasiýasynyň prezidentine Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli guralýan çärelere işjeň gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, milli Liderimiz bu sylagy tütuş türkmen halkynyň we atşynaslarynyň hyzmatyna minnetdarlyk hökmünde kabul edýändigini aýtdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi