icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

26 aprel 2017

1198

Adam hukuklary meseleleri boýunça Türkmenistan we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda nobatdaky dialog geçirildi

2017-nji ýylyň 25-nji aprelinde Aşgabatda adam hukuklary meseleleri boýunça Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda nobatdaky dokuzynjy dialog geçirildi. ÝB-niň wekiliýetiniň düzüminde Ýewropanyň Daşary syýasat gullugynyň, Ýewropa Komissiýasynyň halkara hyzmatdaşlyk we ösüş baradaky Baş Direktoratynyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky hyzmatdaşlyk edarasynyň wekilleri dialogyň işine gatnaşdylar.

Türkmen tarapyndan dialogyň işine Mejlisiň deputatlary, daşary işler, adalat, içeri işler, zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleriniň işgärleri, Döwlet migrasiýa gullugynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky türkmen milli institutynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Din işleri boýunça bölüminiň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda ynsanperwer ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem taraplar raýat jemgyýetiniň ösüşi, zenanlaryň hukuklary, ykdysady, durmuş we medeni hukuklar, hukugyň hökmürowanlygy we kazyýet ulgamynyň reformirlenmegi, adam hukuklaryny goraýan döwlet edaralary ýaly meseleler boýunça pikir alyşdylar. Bulardan başga-da, dialogyň barşynda ÝB-niň wekiliýeti ýokarda agzalan ugurlar boýunça ýurdumyzda Hereketleriň Milli Meýilnamasyny ýerine ýetirip başlamagynyň netijelerine oňyn baha berdi.  

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi