icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

11 iýun 2021

986

Türkmenistanyň we Ukrainanyň Daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini telefon arkaly ara alyp maslahatlaşdylar

2021-nji ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Ukrainanyň Daşary işler ministri D.Kuleba bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Söhbetdeşligiň barşynda ministrler syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we olary ösdürmegiň mümkinçiliklerini  ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar söwda we maýa goýum ugurlarynda türkmen-ukrain hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly pikir alyşdylar. Bilim we medeniýet ulgamlarynda özara hereketleri giňeltmek meselesine aýratyn üns berildi.  

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi