icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

26 awgust 2021

1375

Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň Türkmenistana sapary

2021-nji ýylyň 25-26-njн awgustynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabatda saparda boldy.

26-njy awgustda Pakistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Döwlet Baştutanyna Pakistanyň ýokary ýolbaşçylygynyň mähirli salamyny ýetirmek bilen, Şah Mahmud Kureşi Türkmenistan bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmäge pakistan tarapynyň ygrarlydygyny tassyklady. Owganystandaky ýagdaýlar hem-de sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň saklanylmagy maksady bilen, sebitleýin özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi boýunça geljekki hereketler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol gün Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşiniň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde hem duşuşygy geçirildi.

Taraplar iki döwleti dostluk we wagtyň synagyndan geçen gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň toplumy boýunça pikir alyşdylar. Bu ugurda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasynyň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň derwaýyslygy bellenilip geçildi hem-de olaryň geljekde durmuşa ornaşdyrylmagynyň resmi Yslamabat tarapyndan goldanyljakdygy tassyklanyldy.  

Duşuşygyň barşynda daşary syýasy hyzmatdaşlyga we Owganystandaky ýagdaýlara aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, diplomatlar Owganystanyň içeri syýasy durnuklylygy we howpsuzlygy, şeýle-de owgan halkynyň abadançylygy babatda Türkmenistanyň we Pakistanyň gyzyklanmalaryny tassykladylar. Taraplar iki ýurduň ozalky tejribeleriniň nazarda tutulmagy bilen, sebitleýin dialogyň döredilmeginiň zerurlygyny nygtadylar. Şunlukda türkmen tarapy Owganystan boýunça sebitleýin hereketleriň ösüş prosesiniň barşynda özüniň bitaraplygyň mizemez ýörelgelerine berk ygrarlylygyny beýan etdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi