icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

14 oktýabr 2021

952

Türkmenistan BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna gatnaşdy

2021-nji ýylyň 14-16-njy oktýabry aralygynda Hytaýyň Pekin şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahaty gibrid görnüşinde geçirilýär.

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu maslahata göni wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdy.

2016-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyň logiki dowamy bolmak bilen, nobatdaky Forum hem 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş ulgamyndaky Gün tertibiniň hem-de Howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygynyň durmuşa geçirilmeginde durnukly ulagyň derwaýyslygyny aýratyn öňe çykarýar.

«Durnukly ulag ulgamy, durnukly ösüş» - mowzugy bilen geçirilýän ýokary derejeli Maslahatyň gün tertibi ulag ulgamy ýaly möhüm ugurda hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleriniň giň toplumyny öz içine alýar.

Nobatdaky Dialog döwlet we hökümet baştutanlaryny, BMG-niň ulgamynyň, şeýle-de ÝHHG-nyň, YHG-nyň, ŞHG-nyň, GDA-nyň, Ýewropa komissiýasynyň hem-de iş ulgamy ulag pudagynyň ähli ugurlaryna dahylly beýleki abraýly halkara guramalarynyň ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi. Mundan başga-da, çärä hususy pudagyň hem-de raýat jemgyýetiniň wekilleri hem gatnaşdylar.

Ýokary derejeli Maslahatyň plenar mejlisinde eden çykyşynyň dowamynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow, Türkmenistanyň ulag ulgamynda ysnyşykly hem-de giň gerimli halkara hyzmatdaşlygynyň yzygiderli alnyp barylmagyna berk ygrarlydygyny belläp geçdi.

«BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky mejlisiniň barşynda biz Türkmenistanyň başlangyjy bilen şu ýylyň 29-njy iýulynda kabul edilen Baş Assambleýanyň «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ulag daşamalary üpjün etmek maksady bilen ulagyň ähli görnüşleriniň arasyndaky arabaglanyşygy berkitmek» atly kararnamasynyň talaplaryndan ugur almak bilen, adatdan daşary ýagdaýlarda ulaglaryň durnuklylygynyň pugtalandyrylmagy boýunça tagallalarymyzy işjeňleşdirmegimizi dowam ederis», diýip türkmen döwletiniň Baştutany aýtdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi