icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

19 sentýabr 2016

2094

Türkmenistanyň wekiliýeti Warşawada geçirilýän ÝHHG-niň adam ölçegleri meseleleri boýunça maslahata gatnaşýar

  2016-njy ýylyň 19-njy sentýabrynda ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukulary boýunça Býurosy Warşawa şäherinde ÝHHG-niň adam ölçegleri meselelerinde borçlary ýerine ýetirmeklige bagyşlanan maslahaty geçirýär. Bu maslahat Ýewropada adam hukuklary boýunça iň uly maslahatdyr we ol on bäş ýyldan bäri geçirilýär.

  Bu iki hepdeläp dowam etjek maslahata gatnaşmak üçin ÝHHG-niň agza ýurtlarynyň wekilleri, halkara meseleler boýynça bilermenler, hökümete degişli däl guramalaryň wekilleri we hukuk goraýjylar  Polşanyň paýtagtyna geldiler. Maslahatyň işine Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşýar.

  Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar ynsanperwer ulgamynda borçnamalary ýerine ýetirmek bilen bagly işler boýunça pikir alyşdylar. Hususan-da, Türkmenistanyň wekiliýeti maslahata gatnaşyjylary ynsanperwer ugrunda ýurdumyzda geçirilýän işleriň, şol sanda adam hukuklary boýunça, gender deňligi ulgamynda we adam söwdasyna garşy göreş boýunça Hereketleriň Milli Meýilnamalarynyň kabul edilmegi ýaly işleriň netijeleri bilen tanyşdyrdylar.

  Ýewropa Bileleşiginiň wekili, öz çykyşynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň şu maslahata gatnaşýandygyny makullap, Türkmenistanda adam hukuklary boýunça Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň kabul edilendigini oňlady we onuň ýerine ýetiriljekdigine ynam bildirdi.

  ÝHHG-niň adam ölçegleri meseleleri boýunça maslahaty öz işini dowam edýär.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi