Türkmenistan we Eýran ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini ara alyp maslahatlaşdylar

2022-nji ýylyň 23-nji maýynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde netijeliligi ýokarlandyrmak we tanymallygy artdyrmak boýunça geçirilen mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mehdi Safari bilen duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar ykdysady hyzmatdaşlygyň, öňi bilen energetika, ulag we üstaşyr ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini ara alyp maslajatlaşdylar.

W.Hajiýew iki ýurduň arasynda sebitleýin integrasiýasy nukdaýnazaryndan hem özara söwdanyň we ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegini nygtady.

M.Safari ähmiýeti has hem ösýän EYR-nyň Demirgazyk-Günorta ugry boýunça ýük daşamalary ulgamynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň hem-de nebit, gaz we elektroenergiýa, üstaşyr geçelgeleri pudaklarynda gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň wajypdygyny belledi.