icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

27 maý 2022

1051

Türkmenistanyň Ilçisi BMG-niň Senagat ösüşi boýunça Guramasynyň täze bellenen Baş direktory bilen duşuşdy

2022-nji ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Wenadaky Edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili BMG-niň Senagat ösüşi boýunça Guramasynyň (UNIDO) täze bellenen Baş direktory Gerd Müller bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda bu Gurama bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibindäki meselelere, hususan-da häzirki wagtda durmuşa geçirilýän we ýerine ýetirilmegi göz öňünde tutulýan täze taslamalara, wodorod energiýasy ugrunda bilelikdäki çärelere üns berildi.

Gerd Müller Türkmenistan bilen UNIDO-nyň arasyndaky gatnaşyklara uly ähmiýet berilýändigini belläp, gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhümdigini belledi.

Türkmenistanyň öňe süren giň gerimli ykdysady taslamalary, ileri tutýan ugurlary barada Baş direktoryň dykgatyna ýetirildi. UNIDO bilen hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek üçin bu Guramanyň ygtyýarlygyna degişli bolan ýaşyl başlangyçlar babatyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge Türkmenistanyň aýratyn üns berýändigi bellenildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi