icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

11 iýun 2022

1833

Moskwada ýokary derejede türkmen-rus gepleşikleri geçirildi

2022-nji ýylyň 10-njy iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna resmi sapar bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinden döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Hormatly Prezidentimiziň uçary Moskwa çenli uçuşy amala aşyryp, “Wnukowo-2” Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Döwlet baýdaklary galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar.

Günüň birinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz Uly Kreml köşgüne bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady. Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Baştutanlary birek-birek bilen dostlukly salamlaşyp, iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Soňra ýokary derejede ikiçäk görnüşdäki türkmen-rus gepleşikleri geçirildi.

Prezident Wladimir Putin belent mertebeli myhmany mübärekläp, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň resmi ýagdaýda öz ilkinji daşary ýurt saparyny Russiýa amala aşyrýandygyny, munuň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýratyn häsiýetini nobatdaky gezek ýüze çykarýandygyny, şol gatnaşyklaryň bu ýokary döwlet wezipesinde işläp, ozal uly hyzmatlary bitiren Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde hakyky strategik derejä çykarylandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa gelip görmäge çakylygy üçin dostlukly ýurduň Liderine minnetdarlygyny bildirip, şu saparyň döwlet Baştutany hökmünde Russiýa Federasiýasyna ilkinji saparydygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz pursatdan peýdalanyp, Prezident Wladimir Putini hem-de onuň üsti bilen dostlukly ýurduň ähli halkyny ýetip gelýän Russiýanyň güni bilen gutlap, parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen özara hyzmatdaşlyga uly üns berýändigini nygtap, Prezident Wladimir Putini özi üçin islendik amatly wagtda resmi sapar bilen ýurdumyza gelmäge çagyrdy. Bu çakylyk Russiýanyň Lideri tarapyndan hoşallyk bilen kabul edildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň çuňlaşdyrylmagyna ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Soňra «Malahit» zalynda ikitaraplaýyn resminama gol çekmek dabarasy boldy.

Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Prezident Wladimir Putin Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda Strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekdiler.

Şeýle hem saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň Moskwada russiýaly kärdeşleri bilen duşuşyklary we gepleşikleri geçirendiklerini bellemek gerek. Olaryň dowamynda dürli ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri hem-de geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň we duşuşyklaryň jemleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.

Gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Prezident Wladimir Putin ýokary derejedäki duşuşygyň netijelerini teswirläp, gepleşikleriň örän mazmunly, işjeň, dostlukly ýagdaýda geçip, döwletara gatnaşyklaryň hakyky hyzmatdaşlyk we özara bähbitlilik häsiýetini ýüze çykarandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, gepleşikleriň netijelerini beýan etmek bilen, şu saparyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýynyň we mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny belledi.

Türkmen döwletiniň Baştutany taraplaryň syýasy-diplomatik gatnaşyklary dowam etdirmek barada ylalaşandyklaryny belledi. Sebit hem-de dünýä möçberinde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmekde özara goldaw bermek şol gatnaşyklaryň esasy maksadydyr.

Metbugat maslahaty tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kreml diwarynyň ýanyndaky Aleksandrow bagynda ýerleşýän ýadygärlik toplumyna bardy. Döwlet Baştutanymyz 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda faşizme garşy söweşde janyny gurban eden gahrymanlara sylag-hormatyň nyşany hökmünde Näbelli esgeriň guburynyň ýanyndaky Baky oduň öňünde gül sebedini goýdy.

Dabara Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň resmi wekilleri gatnaşdylar.

Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde Döwlet Tretýakow galereýasynyň häzirki döwrüň şekillendiriş sungatynyň eserlerinden düzülen bölümine bardy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow geçen asyryň dürli döwürlerinde döredilen we ekspozisiýanyň esasyny düzýän sungat eserleri bilen tanyşdy.

Hormatly Prezidentimiz Döwlet Tretýakow galereýasynyň ýolbaşçylaryna gezelenç üçin minnetdarlyk bildirip, bu ýerden ugrady.

Döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasyna resmi saparyny tamamlap, Moskwanyň “Wnukowo-2” Halkara howa menziline ugrady. Bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi ugratmak dabarasy boldy. Hormat garawulynyň serkerdesiniň hasabatyndan soňra, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Döwlet senalary ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow rus tarapynyň resmi wekilleri bilen mähirli hoşlaşyp, Watanymyza ugrady.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi